T Ü R K M E N I S T A N
Geografiki ýerleºiºi.
Türkmenistan Merkezi Aziýanyò günbatar böleginde demirgazyk giòiºligiò 35,08-nji we 42,48-nji, gündogar uzynlygynyò 52,27-nji we 66,41-nji graduslarynyò aralygynda, Köpetdagyò demirgazygynda, günbatarynda Hazar deòzi, gündogarynda Amyderýa aralygynda ýerleºýär. Türkmenistanyò çägi günbatardan gündogara 1110 kilometre we demirgazykdan günorta 650 kilometre uzalyp gidýär we 491,2 müò inedördül kilometr meýdany tutýar. Türkmenistan demirgazykda Gazagystan Respublikasy bilen, gündogarda we demirgazyk-gündogarda Özbegistan Respublikasy bilen, günortada Eýran Yslam Respublikasy bilen we günorta-gündogarda Owganystan bilen serhetleºýär, günbatarda bolsa Hazar deòziniò suwy tolkun atýar.
Relýefi.
Türkmenistan çäginiò ýerüsti gurluºy boýunça deò bolmadyk iki bölege bölünýär: uly-düzlük-çöllük we kiçi-dag etek we daglyk. Türkmenistanyò ähli düzlük bölegi geografiki gatnaºykda Turan pesligine (oýluklaryna) degiºlidir, onuò çäklerinde landºaftyò üç topary tapawutlanýar: a) üsti tekiz belentlik, b) çäge çöllük, ç) dag etek tokaýly düzlük. Birinji topara Krasnowodsk tekiz belentligi, Üstýurduò we Maògyºlagyò ýakalary, ikinji topara-Merkezi, Günorta-Gündogar we Zangunz Garagumy, üçünji topara-Köpetdagyò we Paropamiziò ähli demirgazyk etekleri degiºlidir.
Türkmenistanyò çäginiò ýerüstüniò azyndan bäºden bir bölegini daglar eýeleýärler. Onuò günorta serhedinden Köpetdagyò geriºleri uzaýar, ondan demirgazyk-günbatarda Uly we Kiçi Balkan daglary ýerleºendir. Türkmenistanyò gündogar çetinde Köýtendag daglary bardyr, olar Gissar dag ulgamyna degiºlidir.
Düzlük ýerler esasan tekizlikde goòrumtyl toprak bilen we dag etekleri takyr görnüºli gadymy düzlükler, Garagumyò ymgyr çägi çäge-çöllügine, derýaly jülgeler, çemenlik, otluk ýerler, ºorluk ýerler bilen gurºalandyr.
Klimaty.
Türkmenistan üçin çölüò aram mylaýym görnüºli kontinental klimaty häsiýetlidir: dowamly gurak jöwzaly tomus, salkyn çygly güýz, az garly o diýen sowuk bolmadyk gyº. Demirgazyk-gündogarda we günorta-günbatarda gyº döwrüniò dowamlylygy – bir aý, ýurduò demirgazygynda we demirgazyk-gündogarynda dört aýdan gowrak. Ýanwar aýynyò ortaça temperaturasy demirgazyk-gündogarda –6 gradusdan aºak, günorta-gündogarda we günorta-günbatarda +3 gradusdan +5 gradusa çenli bolýar. Iýulda ol +25+32 gradus çäklerinde üýtgäp durýar. Türkmenistanyò düzlük çäklerinde ygalyò ýyllyk mukdary 150mm, Aral ýakasynda we Garabogaz köl aýlagynda 100, daglyk sebitlerinde - 350 mm-den geçmeýär. Arid ºertlerinde ekerançylygy ösdürmek emeli suwaryºa esaslanyp alnyp barylýar.