Türkmenistanyò Tebigaty goramak ministrligi hakynda


Türkmenistanyò goraghanalary Türkmenistanyò milli buýsanjydyr, olarda ýurduò ösümlik we haýwanat dünýäsiniò esasy genefondy jemlenendir. Olar haýwanat, ösümlik dünýäsini goramak, dikeltmek, ºeýle hem öz öòünde goýulan wezipeleri durmuºa geçirmek üçin amaly maslahatlary iºläp taýýarlamak maksady bilen ylmy-barlag we synag iºlerini geçirmek üçin Türkmenistanyò Prezidentiniò ýörite kararynyò esasynda guralýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda dürli ekologik we landºaft ºertleri bolan goraghanalaryò 8-si iºleýär. Goraghanalaryò umumy meýdany 820024 ga-dyr, ºeýle hem ýurtda umumy meýdany 1061206 ga bolan çäkli goraghanalaryò 14-si, tebigy ýadygärligiò 2-si (2020 ga) bolup, olar tutuº ýurduò umumy meýdanynyò 4%-e golaýyny düzýär.

Döwlet goraghanalarynyò iºi Türkmenistanyò Tebigaty goramak ministrliginiò iºgärleri tarapyndan iºlenip taýýarlanan Türkmenistanyò ºu aºakdaky kanunçylyk namalaryna laýyklykda we olaryò esasynda guralýar:

1.Tebigaty goramak hakynda, 1991 ý.

2.Döwlet tarapyndan aýratyn goralýan tebigy territoriýalar hakynda, 1992 ý.

3.Ösümlik dünýäsini goramak we rejeli peýdalanmak hakynda, 1993 ý.

4.Haýwanat dünýäsini goramak we rejeli peýdalanmak hakynda, 1997 ý.

5.Aw awlamak we awçylyk hojalygyny ýöretmek hakynda, 1998 ý.

6.Türkmenistanyò Tebigaty goramak ministrligi hakynda 2000-nji ýylyò Ruhnama aýynyò 8-indäki ¹ 4830 Düzgünnama.

7.Döwlet goraghanalary hakynda Birnusgaly Düzgünnama, Türkmenistanyò Prezidentiniò 1995-nji ýylyò Bitaraplyk aýynyò 15-indäki ¹ PB-1137 Karary bilen tassyklanyldy.

8.Döwlet goraghanalarynyò gorag zolaklary hakynda Birnusgaly Düzgünnama, Türkmenistanyò Prezidentiniò 1995-nji ýylyò Bitaraplyk aýynyò 15-indäki ¹ PB-1137 Karary bilen tassyklanyldy.

9.Döwlet tebigy ýadygärlikler hakynda Birnusgaly Düzgünnama, Türkmenistanyò Prezidentiniò 1995-nji ýylyò Bitaraplyk aýynyò 15-indäki ¹ PB-1137 Karary bilen tassyklanyldy.

10.Türkmenistanyò haýwanlarynyò we ösümlikleriniò seýrek we ýitip barýan görnüºleriniò döwlet tarapyndan köpeldilýän ýerleri hakynda Birnusgaly Düzgünnama, Türkmenistanyò Prezidentiniò 1995-nji ýylyò Bitaraplyk aýynyò 15-indäki ¹ PB-1137 Karary bilen tassyklanyldy.

11.Türkmenistanyò Gyzyl kitaby hakynda Düzgünnama, Türkmenistanyò Prezidentiniò 1997-nji ýylyò Nowruz aýynyò 25-indäki ¹ 3066 Karary bilen tassyklanyldy.

12.Türkmenistanyò Gyzyl kitabynyò 2-nji neºiri 2 jiltde – 1999 ý.


Türkmenistanyò döwlet goraghanalarynyò ählisi ýurduò biologik dürlüligini aýap saklamagyò esasy ýerleridir we BMG-niò biologik dürlüligi aýap saklamak hakyndaky Konwensiýasyna laýyklykda pugta goralmaga degiºlidir.

Döwlet goraghanalarynyò iºinde ºu aºakdaky bölümler bardyr:

I.Türkmenistanyò döwlet goraghanalarynyò ylmy-barlag iºlerini amala aºyrmak, Türkmenistanyò tebigy sebitleriniò ekoulgamlaryny aýap saklamak we dikeltmek, oòa ºu aºakdakylar girýär:

1.Türkmenistanyò döwlet goraghanalary tarapyndan tebigy sebitleriò ekoulgamlarynyò ýagdaýyna gözegçilik etmek.

2.“Tebigatyò ýylýazgylarynyò” her ýylky jiltlerini we barlaglaryò netijeleri boýunça beýleki ylmy materiallary taýýarlamak (“Tebigatyò ýylýazgylaryny” çykarmak; goraghanalaryò iºgärleriniò ylmy iºlerini neºir etmek).

3.Goraghanalaryò florasyny we faunasyny tükellemek (sanyny hasaba almak).

4.Goraghanalaryò florasynyò we faunasynyò maglumatlar bankyny döretmek we soòra degiºli maglumatlar bankyna zerur goºmaçalary girizmek.

II.Tebigatyò goralyºyna we tebigy baýlyklaryò peýdalanylyºyna döwlet gözegçiligini amala aºyrmak.

Tebigaty goraýyº kanunçylygynyò talaplarynyò ähli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryº edaralary tarapyndan berjaý ediliºine gözegçilik etmek maksady bilen (tebigaty goraýyº kanunçylygynyò, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak boýunça beýleki kadalaryò we düzgünleriò bozulmalarynyò öòüni almak we ýüze çykarmak) tebigaty goraýyº reýdlerini geçirmek (ºol sanda Türkmenistanyò bütin çäginde hukuk goraýjy edaralar, serhet gullugy bilen bilelikde).

III.Aýratyn goralýan tebigy ýerlerde (AGTÝ) biotehniki çäreleri geçirmek:

1.Haýwanlaryò we ösümlikleriò seýrek we aýratyn gymmatly görnüºlerini erksiz köpeltmek, ºol sanda Türkmenistanyò döwlet goraghanalarynda köpeltmek boýunça köpeldilýän ýerleri döretmek.

2.Haýwanlaryò seýrek görnüºleriniò sanyny anyklamak we olary goramak hem-de köpeltmek boýunça zerur çäreleri görmek üçin, olaryò ýerüsti we awiahasaplaryny geçirmek (gulanlar, aýraklar, burma ºahly teke, suw-batga guºlary – gyzylinjik, gotanlar, guwlar we baºgalar).

3.Ýangyna garºy çäreleri geçirmek (minerallaºdyrylan zolaklary geçirmek, ýangyna garºy maksatly ýollary geçirmek, gözegçilik diòlerini oturtmak, suw üçin gaplary (howuzlary) oturtmak).

4.Ot-iýmleri taýýarlamak we ýylyò amatsyz döwürlerinde haýwanlary iýmitlendirmek.

5.Mallar üçin emeli güzerleri döretmek.

Tebigaty goraýyº kanunçylygyny kämilleºdirmek, ýöriteleºdirilen kadrlary taýýarlamak, ekologik-aò bilim iºi, jemgyýetçilik tebigaty goraýyº guramalary we halkara gaznalar bilen aragatnaºyk.

IV.Soòra tebigata çykarmak bilen köpeldilýän ýerlerde haýwanlaryò we ösümlikleriò seýrek we aýratyn gymmatly görnüºlerini köpeltmek we ösdürip ýetiºdirmek boýunça kadalaºdyryjy namalary we maslahatlary iºläp taýýarlamak.

a)köpeldilýän ýerlerde saklanýan haýwanlar we guºlar üçin azyk ölçeglerini iºläp taýýarlamak, olary köpeltmek we ýerleºdirmek üçin gollanmalary iºläp taýýarlamak.

V.Türkmenistanyò tebigaty, goraghanalary we Türkmenistanyò beýleki tebigy gözel ýerleri hakynda ekologiýa-wagyz ediji materiallary we edebiýatlary – bukletleri, broºýuralary, ºekilli materiallary, ºol sanda “Tebigat” žurnalyny we “Ekspress-maglumat” aýlyk býulletenini çykarmak.

VI.Türkmenistanyò goraghanalarynyò gorag zolaklarynda ekologik ugurlary iºläp taýýarlamak.

VII.Biodürlüligiò meseleleri boýunça kiçi grantlary almak.


Geljekde - “Türkmenistany 2010-njy ýyla çenli döwür üçin durmuº-ykdysady özgertmeleriniò Baº ugruna” we daºky gurºawy goramak barada hereketleriò milli meýilnamasyna (DGGHMM) giren, Türkmenistanyò Tebigaty goramak ministrliginiò öòünde durýan meseleleri çözmek üçin ºu aºakdaky ýaly meseleler beýan edildi:

1.Goraghanalaryò täze ýerlerini döretmek we bar bolan ýerlerini giòeltmek.

2.Biodürlüligi aýap saklamagyò esasy meseleleri boýunça ylmy maglumatlar bankynyò ýygnalyºyny doly kompýuterleºdirmek.

3.Türkmenistanyò aýry-aýry Konwensiýalara goºulmak mümkinçiligi we maksadalaýyklygy hakyndaky meselelere garamak.

4.Ýakyn we uzak daºary ýurtlarda ýöriteleºdirilen kadrlary taýýarlamagyò we gaýtadan taýýarlamagyò meselelerini çözmek.

5.Halkara gaznalary bilen bilelikde taslamalara gatnaºmak we taýýarlamak boýunça iºe goraghanalary iºjeò çekmek.

6.Tebigaty goramak çygryndaky täze kanunçylyk we kadalaºdyryjy namalary iºläp taýýarlamaga gatnaºmak.

7.Ösüp gelýän ýaº nesli we döwletiò bütin ilatyny ekologik aò-bilim boýunça iºi düýpli gowulandyrmak.

8.Döwlet goraghanalarynyò gorag gulluklarynyò we olaryò ylmy bölümleriniò maddy-tehniki ýagdaýyny çözmek.

9.Täze haýwanat bagy – hemmeler üçin wezipe.

10.Özara gatnaºyk: Balyk inspeksiýasy, «Gök Guºak» we jemgyýetçilik guramalary ABTJ, TGTJ, ºeýle hem güýç ulanyjy gurluºlar, olar bilen 2005-2010-njy ýyllaryò döwri üçin toplumlaýyn çäreleriò bilelikdäki Meýilnamalarynyò esasynda iº alnyp barylýar.


1. Repetek döwlet biosfera goraghanasy

Döredilen ýyly – 1927 ý.

Tutýan meýdany – 34600 ga, häzirki zaman serhetlerinde 1952-nji ýyldan bäri hereket edýär.

Döretmegiò maksady – onuò düzüm bölekleriniò ählisiniò jemi bilen onuò çäkleriniò adaty we täsin landºaftlaryny tebigy ýagdaýda saklamak.

Goraghanada ösümlikleriò endemik görnüºleriniò 125-si, ösdürip ýetiºdirilýän agaçlaryò we gyrymsy agaçlaryò 18 görnüºi hem-de baºga ýerleden getirilip, goralýan ýere mahsus bolmadyk görnüºleriò 59-sy ösýär.

Ösümliklerden: gara we ak sazak, çerkez, borjak, sözen, gyzylgozalak, arpagan, süsüle we baºgalar.

Faunasynda süýdemdirijileriò 20 görnüºi bardyr: boz syçan, towºan, alaògyrt, alajagözen, möjek, ºagal, tegmilli piºik, gum piºigi, garagulak, tilki, keýik, oklukirpi we baºgalar.

Süýrenijileriò 22 görnüºi: tegelek kelleliler, suwulganlar, çäge asy, çal zemzen, ok ýylan we baºgalar.


2. Hazar döwlet goraghanasy

Döredilen ýyly – 1932 ý.

Tutýan meýdany – 262037, olardan 195247 ga suw ýalpaklygy.

Döretmegiò maksady: Hazar deòziniò tebigy toplumlaryny, guºlaryò suwda ýüzüji we beýleki gymmatly we seýrek görnüºleriniò höwürtgeleýän ýerlerini, uçup geçiºindäki dynç alºyny we gyºlaýºyny goramak we toplumlaýyn öwrenmek. Bu ýere her ýyl guºlaryò jynslarynyò 300 müòe golaýy gyºlamaga uçup gelýärler. Guºlaryò 280-e golaý görnüºi, balyklaryò 35 görnüºi, süýrenijileriò 30 görnüºi, süýdemdirijileriò 20 görnüºi duº gelýär. Haýwanat dünýäsiniò wekilleriniò itaýy, gyzyl we buýraly gotanlar, adaty gyzylinjik, gyzgy, turaç, çal zemzen we baºgalar ýaly köp görnüºleri Türkmenistanyò we Tebigaty we tebigy baýlyklary Goramagyò Halkara Bileleºiginiò (TBGHB) Gyzyl kitaplaryna goºuldy.

Ösümlikleriò seýrek we endemik görnüºleriniò 75-e golaý görnüºi ösýär:

Raddeniò buzeýasy, süýji buýan, türkmen astragaly, çägemik, türkmen seudegi, Litwinowyò aºygoty we baºgalar.

Goraghananyò ygtyýarynda çäkli goraghana bolup, ol 1990-njy ýylda döredilip, Hazar deòzindäki Ogurjaly adasynda ýerleºýär. Tutýan meýdany – 7000 ga.

Döretmegiò maksady – keýikleri ýarym erkin saklamak we olaryò baº sanyny köpeltmek.


3. Bathyz döwlet goraghanasy

Döredilen ýyly – 1941 ý.

Tutýan meýdany – 87680 ga.

Döretmegiò maksady – Bathyzyò ekoulgamyny toplumlaýyn öwrenmek we gulanyò, dag tekesiniò, keýigiò sanyny dikeltmek we pisse jeòòelliklerini öwrenmek we dikeltmek.

Goraghananyò çäginde süýdemdirijileriò 40-dan gowrak görnüºi, guºlaryò 300-e golaý görnüºi, süýdemdirijileriò 30 görnüºi: aýraklar, keýikler, zolakly syrtlan, garagulak, dag piºigi, alaja gaplaò, gulan, ýylançy gyrgy, bürgüt, algyr laçyn, owgan litorinhi, garabaº ýylan, ortaaziýa kepjebaºy we Türkmenistanyò hem-de TBGHB-niò Gyzyl kitaplaryna girizilen baºgalar duº gelýär.

Goraghananyò çäginde ösümlikleriò 1000-e golaý görnüºi, olardan seýrek we endemik görnüºleriniò 300-den gowrak görnüºi: guºgy çigildemi, owgan injiri, arian kyrkbogny, Oºuò pteropirumy, bathyz pissesi, maýda gülli gimnarena we Türkmenistanyò Gyzyl kitabyna goºulan baºgalar ösýär.

Goraghananyò ygtyýarynda çäkli goraghanalaryò 3-si durýar:

1.Çemenebit (1956 ý.) – 12000 ga – gulanlaryò suw içýän ýeri.

2.Gyzyljar (1956 ý.) – 30000 ga – haýwanlaryò gulunlaýan we guzlaýan ýeri.

3.Pulhatyn (1956 ý.) – 15000 ga – haýwanlaryò suw içýän ýeri.

Ýokarda agzalan çäkli goraghanalar gulanyò suw içýän ýerini we tomusky öri meýdanlaryny, bütin tebigy toplumy goramak we pisse tokaýlaryny, ºeýle hem haýwanlaryò seýrek görnüºlerini dikeltmek maksady bilen döredildi.


4. Köpetdag döwlet goraghanasy

Döredilen ýyly – 1976 ý.

Tutýan meýdany – 49793 ga.

Döretmegiò maksady – Merkezi Köpetdagyò tutuº tebigy toplumyny goramak. Ösümlikleriò seýrek we endemik görnüºleriniò 70 görnüºi duº gelýär, arçalar we toprak goraýjy maksatly beýleki gymmatly agaçlar saklanyp galypdyr. Wawilowyò sogany, Miheliniò çigildemi, Wilsonyò çigildemi, Atabaýewiò haramçybygy, Kossinskiniò dionisiýasy we baºgalar ýaly ösümlikleriò käbir görnüºleri Türkmenistanyò Gyzyl kitabyna girizildi.

Haýwanlaryò seýrek görnüºlerinden: aýrak, umga, alaja gaplaò, orta aziýa kepjebaºy, göklors, ütelgi, sterh ýa-da ak durna, toklutaý, dagýorga, Eýran piºikgöz ýylany, adaty galkanburun we baºgalar.

Goraghananyò ygtyýarynda çäkli goraghanalaryò 2-si durýar.

Olary döretmegiò maksady – Merkezi Köpetdagyò tutuº tebigy toplumyny öwrenmek, aýap saklamak, uçup göçýän guºlar üçin zerur ýaºaýyº we dynç alyº ºertlerini üpjün etmek, haýwanlaryò, hususan-da gulanyò seýrek we gymmatly görnüºleriniò görnüº düzümini dikeltmek:

1.Mäne-Çäçe (1976 ý.) – 60000 ga

2.Guryhowdan (1976 ý.) – 15000 ga

Goraghananyò ygtyýarynda tebigy ýadygärlikleriò 2-si bar:

1.Garaýolçy – 20 ga

2.Çarlyk – 2000 ga


5. Sünt-Hasardag döwlet goraghanasy

Döredilen ýyly – 1978 ý.

Tutýan meýdany – 26461 ga.

Döretmegiò maksady – Günbatar Köpetdagyò ekoulgamlaryny, olaryò düzüm bölekleriniò ähli jemi bilen ýanaºyk tekiz ýerleri aýap saklamak we dikeltmek we bu sebitiò tebigatyny goramagyò ylmy esaslaryny iºläp taýýarlamalar.

Haýwanat dünýäsiniò wekillerinden ºulardyr: aýrak, umga, sülgün, dagýorga, alaja gaplaò, gunduz, bezbeltek, guýrugy tikenli as, kepjebaº, galkanburun we baºgalar.

Goraghananyò çäginde ösümlikleriò seýrek we endemik görnüºleriniò 90-dan gowrak görnüºi ösýär: Raddeniò alwany, ýoldere listeiasy, Köpetdag ekipaktisi, maýmyn orhisi, sarymtyl daktiloriza, grek rýabinasy, türkmen selmelegi we baºgalar.

Goraghananyò ygtyýarynda 1 çäkli goraghana bar:

1.Sünt-Hasardag çäkli goraghanasy (1990 ý.) – 3800 ga, Magtymguly etrabynyò ilatynyò durmuºynyò durmuº-ykdysady ºertlerini gowulandyrmak maksady bilen goraghananyò Merkezi ýer böleginden bölünip alyndy.


6. Gaplaògyr döwlet goraghanasy

Döredilen ýyly – 1979 ý.

Tutýan meýdany – 282800 ga.

Döretmegiò maksady – dag tekesini, itaýyny we haýwanlaryò we guºlaryò beýleki seýrek we gymmatly görnüºlerini: ýylançy gyrgyny, ak durnany (uçup geçende) aýap saklamak we sanyny dikeltmek, ºeýle hem göçüp-gonýan saýgagyò ýaºamagy üçin amatly ºertleri döretmek. Ösümlikleriò seýrek we endemiki görnüºleriniò 60-a golaý görnüºi ösýär: hywa ºorasy, türkmen çigildemi, türkmen peºmegi, Antoninanyò kaºparoty, Kareliniò sözeni, Lemanyò astragaly we baºgalar.

Goraghananyò ygtyýarynda çäkli goraghanalaryò 2-si bar:

1.Sarygamyº çäkli goraghanasy (1980 ý.) – 551066 ga, kenarýaka toplumy, uçup geçýän suwda ýüzüji guºlary we keýikleriò guzlaýan ýerlerini goramak üçin döredildi.

2.ªasenem çäkli goraghanasy (1984 ý.) – 169102 ga, döretmegiò maksady – gulanlary köpeltmek we göçürip ýerleºdirmek.


7. Amyderýa döwlet goraghanasy

Döredilen ýyly – 1982 ý.

Tutýan meýdany – 49514 ga.

Döretmegiò maksady – Amyderýanyò jülgesinde bozulan ekoulgamlary toplumlaýyn öwrenmek we dikeltmek hem-de buhar sugunyny goramak.

Haýwanlardan keýik, buhar suguny, itaýy, ekinçi ördek, gyrgy, balykçy bürgüt, sülgün, ýekegapan we baºgalar, balyklardan Türkmenistanyò Gyzyl kitabyna girizilen uly we kiçi amyderýa pilburun balyklary duºýar.

Ösümlikleriò seýrek we ýitip barýan görnüºleriniò 20-ä golaý görnüºi ösýär, suw goraýjy we kenar berkidiji ähmiýeti bolan derýa boýundaky jeòòel tokaýlary saklanyp galypdyr.

Goraghananyò ygtyýarynda 1 çäkli goraghana bar:

1.Kelif çäkli goraghanasy (1970 ý.) – maksady tebigy toplumy goramak, uçup geçýän we suwda ýüzýän guºlaryò gyºlamagy üçin amatly ºertleri döretmek.


8. Köýtendag döwlet goraghanasy

Döredilen ýyly – 1986 ý.

Tutýan meýdany – 27139 ga.

Döretmegiò maksady – Köýten daglarynyò we derýalaryò jülgeleriniò ýanaºyk bölekleriniò tebigy toplumyny öwrenmek, aýap saklamak we dikeltmek.

Haýwanlardan dag tekesi, geçigaplaò, bürgüt, kepjebaº, Türkmenistanda ýeke-täk burma ºahly tekäniò populýasiýasy we baºgalar duºýar. Süýdemdirijileriò jemi 20-den gowrak görnüºi, guºlaryò 70 görnüºi, süýrenijileriò 9 görnüºi duº gelýär.

Florasy ösümlikleriò 1000-e golaý görnüºini öz içine alyp, olaryò 20-den gowrak görnüºi ºol ýeriò endemikleridir.

Köýten daglarynyò karst oýunyò ýerasty kölünde balyk ýaºap, ol dünýäde ýeke-täk Köýten ýalaòaç kör balygynyò populýasiýasydyr.

Goraghananyò ygtyýarynda çäkli goraghanalaryò 4-si bardyr:

1.Garlyk çäkli goraghanasy (1986 ý.) – 40000 ga, täsin gowaklary we jansyz tebigatyò beýleki desgalaryny (mermer oniks) goramak, ösümlikleriò seýrek we endemik görnüºlerini goramak, arçalyklary, köýten ýalaòaç kör balygyny aýap saklamak.

2.Hojapil çäkli goraghanasy (1986 ý.) – 31635 ga, Gowurdak-Köýtendag tebigy toplumyny aýap saklamak we dikeltmek, ºeýle hem onuò umumy ekologik deòagramlylygyny saklamak.

3.Hojaburjybelent çäkli goraghanasy (1986 ý.) – 17532 ga, pisse tokaýlaryny aýap saklamak we dikeltmek, haýwanlaryò ýaºaýan ýerlerini goramak.

4.Hojagarawul çäkli goraghanasy (1999 ý.) – 6011 ga, ösümlikleriò we haýwanlaryò gymmatly seýrek we ýitip barýan görnüºlerini aýap saklamak we dikeltmek, ot örtüklerini, agaç we gyrymsy seýrek tokaýlary goramak we dikeltmek, dynç alyº-sagaldyº jülgeleri goramak we öwrenmek.



Gözleg








 
    Copyright © 2007 Türkmenistanyò Tebigaty goramak ministrligi. Ähli hukuklary goralandyr.