Ozon gatlagyny dargadyjy maddalar boýunça Monreal protokolynyò ýerine ýetiriliºi we taslamalaryò durmuºa geçiriliºi barada

MAGLUMAT


BMG-niò ozon gatlagyny goramak boýunça Wena Konwensiýasyna we ozon gatlagyny dargadyjy maddalar boýunça Monreal protokolyna Türkmenistan tarapyndan 1993-nji ýylyò Sanjar aýynyò 18-inde gol çekildi we tassyklanyldy. Monreal protokolyna London düzediºlerine 1994-nji ýylyò Nowruz aýynyò 15-inde gol çekildi we tassyklanyldy. Ilkibaºda Türkmenistan Monreal protokolynyò 2-nji maddasyna laýyklykda iºleýän Döwlet hökmünde klassifisirlenildi.


Ozon dargadyjy maddalary (ODM) ýuwaº-ýuwaºdan ulanyºdan çykarmak we olary alternatiw maddalar bilen çalyºmak boýunça iºleriò ýerine ýetirilmegine jogapkär bolan esasy hökümet gurluºy Türkmenistanyò Tebigaty goramak ministrligidir. Döwletde Wena konwensiýasynyò we Monreal protokolynyò ýerine ýetiriliºine Tebigaty goramak Ministri jogapkärdir.


Birinji tapgyrda Monreal protokolyny ýerine ýetirmäge gönükdirilen Milli maksatnama iºlenilip taýýarlanyldy we DEG-den maliýe kömek soraldy. Ozon dargadyjy maddalary ulanyºdan çykarmak boýunça Türkmenistanyò Milli Maksatnamasy, Monreal Protokolyna laýyklykda 1997-nji ýylyò Magtymguly aýynyò 28-30-ynda Naýrobide, Keniýa, geçirilen ýigrimi ikinji duºuºykda Monreal protokolyny ýerine ýetirmek boýunça Köptaraply Gaznanyò Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan makullanyldy.


ODM-niò (ozon dargadyjy maddalaryò) sarp ediliºini gysgaltmak boýunça hereketleriò Milli meýilnamasynyò iºlenip taýýarlanylmagy ozon gatlagyny dargadyjy maddalar boýunça Monreal protokolynyò talaplaryny durmuºa geçirmegiò ýolunda birinji tapgyr boldy.


Milli maksatnama taýýarlanylanda UNEP tarapyndan maliýe we tehniki goldaw berildi. Maslahatçylar H.Tang (UNEP) we A. Halil (UNDP) Milli Maksatnamanyò we Hereketler meýilnamasynyò taýýarlanylmagyna kömek bermek üçin ýurda iki gezek geldiler. UNEP-iò goldamagynda Türkmenistanyò hünärmenleri Daºkent ºäherindäki sebit seminaryna gatnaºdylar. Döwlet we döwlete dahylsyz pudaklar hökmünde dürli kärhanalar: Statistika baradaky Döwlet komiteti, Söwda ministrligi, Döwlet Gümrükhanasy, Döwlet deòiz gämiçiligi, Türkmen politehniki instituty, “Rembyttehnika” kärhanasy, Türkmen demir ýol müdirligi, “Gaýrat” korporasiýasy we baºgalar Maksatnamany taýýarlamak üçin zerur maglumat berdiler.


Milli Maksatnamany we Hereketleriò Meýilnamasyny taýýarlamak maksady bilen Tebigaty goramak ministrliginiò ýanynda Iºçi topary döredildi. Bu toparda iºlemek üçin ministrlikleriò we pudaklaýyn dolandyryº edaralarynyò birnäçesiniò hünärmenleri çekildi. Taslamany ýerine ýetirmegiò barºynda seminarlar, Ministrlikleriò we pudaklaýyn dolandyryº edaralarynyò ýolbaºçylary bilen duºuºyklar geçirildi.


Maksatnamada Monreal protokolyna laýyklykda dürli pudaklarda ODM-niò sarp ediliºiniò maglumaty berildi, ºeýle hem Hereketleriò meýilnamasy iºlenilip taýýarlanyldy. “Hereketler meýilnamasynyò” iºlenip taýýarlanylmagyny maliýeleºdirmek DEG-niò hasabyna amala aºyryldy.


ODM-ni ulanyºdan çykarmak boýunça Türkmenistanyò Milli Maksatnamasy UNEP-iò garamagyna berildi. UNEP-den we GEF-den makullama alanyndan soò, Türkmenistan taslamalary ýerine ýetmäge giriºdi.


Ýöne taslamalary ýerine ýetirmegiò barºynda Türkmenistan kynçylyklaryò birnäçesi bilen ýüzbe-ýüz boldy, olar Döwlet maksatnamasyny taýýarlamagyò barºynda nazara alynmady. Bu faktorlar öz üstüne alan borçnamalaryny doly derejede ýerine ýetirmäge Döwlete mümkinçilik bermedi. Netijede Hökümet Türkmenistany Monreal protokolynyò 5-nji maddasynyò çäklerinde hereket edýän tarap hökmünde klassifikasiýadan çykarmak hakyndaky haýyº bilen taraplaryò konferensiýasyna ýüz tutdy.


2004-nji ýylda Pragada bolup geçen taraplaryò 16-njy duºuºygynda, Hökümetiò haýyºy boýunça, Türkmenistan Monreal protokolynyò 5-nji maddasynyò çäklerinde hereket edýän tarap hökmünde klassifikasiýadan çykaryldy. ªuòa laýyklykda ODM-ni ulanyºdan çykarmak boýunça Milli maksatnamany täzeden iºläp taýýarlamak zerurlygy ýüze çykdy. Häzirki wagta täze maksatnamany iºläp taýýarlamak alnyp barylýar.


1999-njy ýylyò Magtymguly aýynda Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan “Türkmenistanda Monreal protokolyny ýerine ýetirmek üçin dolandyryjylygy pugtalandyrmak” Taslamasyna gol çekildi, oòa laýyklykda Tebigaty goramak ministrliginiò Milli ozon merkezi döredildi, ol taslamany durmuºa geçirmek bilen meºgullanýar. Milli ozon merkeziniò iºi Tebigaty goramak Ministri tarapyndan tassyklanylýan iºleriò meýilnamalaryna laýyklykda guraldy.


Taslama laýyklykda Milli ozon merkeziniò esasy wezipeleri ºu aºakdakylardyr:


-Wena konwensiýasyna, Monreal protokolyna, London, Kopengagen, Monreal we Pekin düzediºlerine degiºli meseleleri utgaºdyrmak;


-ýurtda ozon dargadyjy maddalaryò (ODM) peýdalanylmagyny gysgaltmak we ýuwaº-ýuwaºdan bes etmek üçin iºlenip taýýarlanylan taslamalary utgaºdyrmak we ýerine ýetirmek;


-ODM-niò importy boýunça hemmetaraplaýyn maglumatlar binýadynyò düzülmegini goºup, ýurtda ODM-niò sarp ediliºine degiºli Ozon Kätipligine (Naýrobi) gözegçilik, seljerme we nutuk;


-ODM-niò importynyò kwotalar we ygtyýarlylandyrma ulgamyny iºläp taýýarlamak, girizmek we ýerine ýetirmek;


-peýdalanylýan ODM enjamlarynyò importyny gadagan etmek;

-gümrük nokatlarynda düzgünleºdirilýän maddalaryò identifikasiýasy boýunça talaplary utgaºdyrmak;


-tehniki okuwyò maksatnamalaryny guramak we geçirmek (sowadyjy enjam bilen iºleýän tehnikler üçin seminarlar);


-jemgyýetçiligiò habarlylygy boýunça möwsümi geçirmek (kärhanalarda, ýokary okuw mekdeplerinde seminarlar, duºuºyklar, gazetlerde çykyºlar we º.m.);


-ozon gatlagyny goramagyò meselelerine degiºli maglumaty, ºol sanda köpçülikleýin habar beriº seriºdeleriniò üsti bilen ýaýratmak üçin iºjeò we netijeli maglumat merkezini döretmek;


-edilen iº hakynda çärýeklik hasabatlary UNEP DTIE bermek;


-çykdajylar hakynda çärýeklik hasabatlary UNEP DTIE bermek;


-Monreal Protokolynyò 7-nji maddasyna laýyklykda ýurtda ODM-niò sarp ediliºi hakynda GEF-e we Naýrobidäki, Keniýa (Nairobi, Kenya) Ozon Kätipligine (Ozone Secretariat) her ýylky nutugy taýýarlamak;


-Taslamany ýerine ýetirmegiò barºy hakynda Ozon Kätipligine her ýylky nutugy taýýarlamak;


-kärhanalarda ulanylýan ODM tehnologiýalaryna hemmetaraplaýyn baha bermegi geçirmek we alternatiw maddalary peýdalanýan tehnologiýalara geçilende kömegiò baº ugurlaryny iºläp taýýarlamak;


-ozon gatlagyny goramak boýunça tagallalaryò monitoringi;


-ODM-niò söwdasyna degiºli maglumatlary ýygnamak we habar bermek maksady bilen ylalaºylan kadalaryò çäklerinde tarif klassifikasiýalaryny peýdalanmak amallarynyò ornaºdyrylmagyny ýeòilleºdirmek üçin wezipeli gümrük adamlarynyò okadylyºyny utgaºdyrmak.


ODM-niò importyny/eksportyny ygtyýarlylandyrmak ulgamynyò iºlenip taýýarlanylmagyna kömek etmek maksady bilen 2000-nji ýylda Türkmenistana ygtyýarlylandyrmak meseleleri boýunça UNEP-iò (Pariž) maslahatçysy W.Demkin geldi. ODM-niò importyny /eksportyny ygtyýarlylandyrmak we kwotalaºdyrmak ulgamyny Ministrler Kabinetiniò garamagyna bermek üçin resminamalaryò bukjasy bilelikdäki iºiò jemi boldy.


Döwletde ozon gatlagyny aýap saklamaga gönükdirilen maddany özünde saklaýan kanunlar kabul edildi:

  • "Ozon gatlagyny goramak hakynda" Türkmenistanyò kanuny 1991-nji ýylyò Sanjar aýynyò 12-sinde kabul edildi;
  • "Atmosfera howasyny goramak hakynda" Türkmenistanyò Kanuny 1996-njy ýylyò Bitaraplyk aýynyò 20-sinde kabul edildi.

2001-nji ýylyò Garaºsyzlyk aýynyò 1-inden “Türkmenistanyò çäginde himiki önümleriò, mineral dökünleriò we ösümlikleriò gorag seriºdeleriniò öndüriliºini we ýerleniliºini döwlet tarapyndan ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyò Prezidentiniò Karary herekete girizildi. Häzirki wagtda ygtyýarlylandyrmagy amala aºyrmak boýunça wezipe Energetika we senagat ministrliginiò üstüne ýüklenildi. 2005-nji ýylyò Gurbansoltan aýyndan ODM-niò importyny/eksportyny kwotalamak ulgamy girizildi. ODM-niò importyna kwotalanyò girizilmegi Monreal protokolynyò taraplarynyò borçnamalarynyò biridir.


Jemgyýetçilik habarlylygynyò çäklerinde Milli Ozon Merkeziniò iºgärleri tarapyndan umumybilim berýän mekdepler, liseýler, institutlar, Döwlet uniwersiteti ýaly Türkmenistanyò okuw mekdeplerinde nutuklar we çekiºmeler geçirildi. Çagalaryò tomusky sagaldyº merkezlerinde, çagalar öýlerinde, ºeýle hem çeperçilik liseýinde iò gowy suratlar üçin bäsleºikler geçirildi. Bäsleºigiò ýeòijilerine baýraklar gowºuryldy. Ozon gatlagyny goramak taglymlaryny wagyz etmegiò çäklerinde her ýyl merkezi metbugatda ozon gatlagyny goramagyò Bütindünýä gününe bagyºlanyp ozon gatlagyny goramagyò meseleleri boýunça makala çykýar. Ozon gatlagyny goramagyò meselelerine bagyºlanyp gysgametražly film döredildi. Köpçülikleýin habar beriº seriºdelerinde (gazetler, radio, telewideniýe) geçirilýän seminarlar, duºuºyklar hemiºe düºündirilýär.


“ODM-i ulanyºdan çykarmak boýunça Döwlet maksatnamasynyò” ýerine ýetirilmegine gös-göni gatnaºýan ministrlikleriò, guramalaryò, kärhanalaryò wekilleri bilen duºuºyklaryò uly ornunyò bardygyny bellemek gerek.


UNOPS/UNDP ýerine ýetiriji agentligi bilen bilelikde ODM-ni almak we gaýtadan ibermek boýunça taslama amala aºyryldy.


Taslamanyò esasy maksady – Hladagentleri Dolandyryº Meýilnamasynyò (Refrigerant Management – Plan - RMP) bir bölegi hökmünde howany sowatmak we ýelejiretmek pudaklarynda hladagentleri dikeltmek we resirkulýasy boýunça Hladagentleri Dolandyrmak Meýilnamasy we Milli Maksatnamasy bilen hemmeleri tanyºdyrmak, hladagentleri dikeltmegiò we resirkulýasynyò dürli usullaryny düºündirmek maksady bilen howany sowadyjy we ýelejirediji enjamlary abatlaýan, hyzmat edýän we oturdýän tehnikler üçin öwrediji seminarlaryò üçüsini (3) geçirmek. Munuò özi taslamanyò çäklerinde iberilen enjamlaryò iº ýüzünde görkezilmegini öz içine almak bilen, ol howany ýelejirediji we sowadyjy enjamlary oturmagyò, hyzmat etmegiò we söküp aýyrmagyò barºynda hladagentler bilen iº salyºmakda gerek bolan gowy tejribäni we howpsuzlygy nygtaýar.


Bu taslamany ýerine ýetirmegiò çäklerinde Türkmenistana HFU-12-ni almak we dikeltmek üçin niýetlenen enjam görnüºinde tehniki kömek berildi.

Sowadyjy tehnika gös-göni hyzmat edýän we abatlaýan sowadyº sektorynda tehniklere öòdebaryjy tehnologiýalary öwretmek hereketleriò meýilnamasyna laýyklykda mundan beýläkki tapgyr boldy. ªonuò ýaly-da gümrük gullugynyò iºgärlerine öwretmek geçirildi. Öwretmegiò barºynda gümrükhana iºgärlerine ODM-niò identifikasiýasy boýunça enjam görkezildi. Mundan beýläkki öwretmegi “Türkmenstandartlarynyò” iºgärleri geçip, olar gös-göni önümi güwälendirýärler.


Öwretmek tapgyrlaryò birnäçesine bölündi:


TEHNIKLERE ÖWRETMEK


Birinji tapgyrda hünärmenleriò 25-sine öwredildi. Ikinji tapgyrda tehnikleriò 400-sine çenlisine öwretmek meýilleºdirildi. Okuw prosesini mundan beýläk guramak üçin Türkmenistana enjamlaryò 5 toplumy iberilip, olar “Sowadyjy tehnikleri taýýarlaýan okuw merkezlerinde” ýerleºdirmek üçin niýetlenendir.


2001-nji ýylyò Magtymguly aýynyò 28-inden Oguz aýynyò 1-i aralygyndaky döwürde Aºgabat ºäherinde tehnikleri taýýarlamagyò birinji fazasynyò çäklerinde seminar geçirildi. Seminar nazaryýet we amaly okuwlary öz içine aldy. Bu öwrediji seminar UNEP we Türkmenistanyò Tebigaty goramak ministrliginiò Ozon Merkezi bilen bilelikde “Bundesfachschule-Kalte-Klime-Technik” Nemes tehniki institutynyò ýardam bermeginde guraldy. Seminaryò esasy maksady ýelejiretmek we sowatmak sektoryndaky öòdebaryjy tehnologiýalar hakynda habarlylygy ýokarlandyrmakdyr. Seminar 5 gün dowam edip, oòa 26 adam gatnaºdy. Öwredilýänleriò düzümine sowadyº sektorynda ulanylýan enjamlary abatlamak we olara hyzmat etmek bilen meºgullanýan dürli döwlet edaralaryndan we uly önümçilik kompaniýalaryndan bolan tehnikler, ºeýle hem Türkmen politehniki institutynyò, liseýleriò mugallymlary girdi. Seminaryò ahyrynda testirlemek geçirildi. Testirlemegiò jemleri boýunça ähli gatnaºyjylara güwänamalar gowºuryldy. Seminara gatnaºyjylar tarapyndan anketalaryò birnäçesi dolduryldy, olarda öwretmegiò hiline, seminaryò hünär ugruna baha berildi. Isleg-arzuwlaryò birnäçesi aýdyldy:


-ilkinji nobatda, munuò özi türkmen/rus dillerinde tehniki edebiýatyò bolmagy; sowadyº sektorynda beýleki döwletler, ilkinji nobatda, senagat taýdan ösen döwletler bilen tejribe alyºmak ulgamyny kämilleºdirmek;


-ODM-ni ulanyºdan çykarmaga gönükdirilen täze kararlar bilen tanyºmak maksady bilen seminarlary, konferensiýalary yzygiderli geçirmek;


-bu meseleleri köpçülikleýin habar beriº seriºdelerinde has doly beýan etmek.


Ikinji fazany ýerine ýetirmegiò bütin çäklerinde seminarlaryò 16-sy geçirildi we 366 adama öwredildi.


GÜMRÜKÇILERE ÖWRETMEK


2003-nji ýylyò Gorkut aýynyò 25-inden 31-i aralygyndaky döwürde gümrükçilere öwretmegiò birinji fazasynyò çäklerinde seminar geçdi. Bu seminar boýunça doly hasabat UNEP-iò sahypasynda çap edildi http:/www.uneptie.org/ozonaction.html


Gümrük nokatlarynyò iºgärlerini üpjün etmek üçin, taslamanyò çäklerinde ODM identifikatorlarynyò 15 toplumy alyndy. Ikinji tapgyrda diòe bir gümrük iºgärlerine däl, eýsem Tebigaty goramak ministrliginiò inspektorlarynyò we import/eksport edilýän önümiò nusgalaryny seçip almak we onuò ölçeglere laýyk gelºini barlamak bilen gös-göni meºgullanýan gurama bolan “Türkmenstandartlary” Döwlet komitetiniò wekillerine öwretmek meýilleºdirildi.


Rotasiýanyò ýörelgesine laýyklykda 2007-nji ýylyò Baýdak – Nowruz aýlarynda Aºgabatda Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyò sebit ulgamynyò altynjy maslahaty boldy. Bu forumy geçirmegiò barºynda ozon gatlagyny dargadyjy maddalar boýunça Monreal protokolyny ýerine ýetirmegiò çäklerinde döwletleriò öz borçnamalaryny berjaý etmegi bilen baglanyºykly meseleler çözüldi. 2007-nji ýylyò ýubileý ýyly bolandygyny bellemek gerek, bu ýyl Monreal protokolyna gol çekilen gününe 20 ýyl dolýar. Bu ýyllar dünýäniò ähli ýurtlarynyò tutanýerli zähmetiniò, bütin saýýarada ähli janly zady aýap saklamaga gönükdirilen zähmetiò ýyllary boldy.


Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyò sebit ulgamynyò 6-njy Maslahaty


2007-nji ýylyò Baýdak aýynyò 26-syndan 2007-nji ýylyò Nowruz aýynyò 2-si aralygyndaky döwürde Türkmenistanda ozon gatlagyny dargadyjy maddalar boýunça Monreal protokolyny durmuºa geçirmegiò çäklerinde “Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyò ulgamynyò 6-njy Maslahaty” geçirildi.


Maslahatyò iºine Milli ozon merkezleriniò, UNEP, UNDP, UNIDO, Ozon Kätipligi, Monreal protokolyny berjaý etmek üçin Köptaraply gazna ýaly halkara guramalarynyò wekilleri, ºeýle hem Türkmenistanyò ministrlikleriniò we pudaklaýyn dolandyryº edaralarynyò wekilleri gatnaºdylar.


Maslahatyò baºlanmagyna çenli ýerine ýetiriji agentlikleriò: UNEP-niò, UNDP-niò, UNIDO-nyò, Ozon kätipliginiò, Monreal protokolyny berjaý etmek üçin Köptaraply gaznanyò wekilleri bilen Tebigaty goramak Ministriniò duºuºygy geçdi. Maslahat “Prezident myhmanhanasynyò” jaýynda geçdi.


Maslahaty Türkmenistanyò Tebigaty goramak ministri M.Akmyradow açdy, soòra gutlag sözi bilen UNEP DTIE-niò baºtutany jenap Raženda ªende çykyº etdi.


Maslahatda ulgamyò iºi we Monreal protokolyny durmuºa geçirmek bilen baglanyºykly meseleleriò birnäçesine garaldy. ªu aºakdaky tematika boýunça meseleler olardan has möhümleri boldy:


1.Monreal protokolyny berjaý etmek, Monreal protokolyny tassyklamak we oòa düzediºler boýunça meselelere syn.


2.7-nji madda laýyklykda maglumatlar boýunça ýurtlar tarapyndan berlen hasabatlara garamak (ODM-niò sarp ediliºi hakynda maglumatlary bermek).


3.Ozon boýunça Kätiplik, Gaznanyò Kätipligi we möhüm agentlikler bilen bilelikde berjaý etmek boýunça ugurdaº sessiýalary geçirmek.


4.GHFU-nyò gözegçilik etmegine we mundan beýläk ulanmagyò baº ugruna ECA ulgamynyò çemeleºiºini ara alyp maslahatlaºmak (munuò özi ilkinji nobatda öý kondisionerlerinde we senagat sowadyjylarynda hladogent hökmünde Türkmenistanda giòden ulanylýan R-22-ä degiºlidir).


5.Dozirlenen ingalýatorlar (MDI) bilen baglanyºykly meseleleri çözmäge ECA ulgamynyò çemeleºiºini ara alyp maslahatlaºmak.


6.Gümrükhanalaryò hyzmatdaºlygy we ODM-niò bikanun söwdasynyò öòüni almak bilen baglanyºykly meseleleri ara alyp maslahatlaºmak.


7.ODM-niò dowamly tapgyrlaýyn gysgaldylmagyny gazanmakda ykdysady gurallary peýdalanmagyò mümkinçiliklerini we usullaryny ara alyp maslahatlaºmak.


8.Ozon gatlagynyò goralmagyny wagyz etmek we bu çäreler bilen baglanyºykly mesele boýunça mekdeplerde, tehniki institutlarda, uniwersitetlerde okatmagyò türgenleºdiriji okuwlaryny guramagyò mümkinçiligi.


9.Fumigasiýa dahylly (metilbromidi MeBr ulanmak) meseläni ara alyp maslahatlaºmak.


Maslahatyò iºiniò barºynda aýratyn toplum bilen Türkmenistana degiºli meselelere garaldy, hususan-da:

  • Monreal protokolyna düzediºleri (Kopengagen, Monreal, Pekin) tassyklamak mümkinçiligi;
  • Metilbromidi sarp etmek boýunça binýatlaýyn ugry gaýtadan gözden geçirmek boýunça Türkmenistanyò ýüztutmalaryna garamak;
  • hasyldan soòky döwürde täze ozon howpsuz tehnologiýalary ulanmagyò meseleleri boýunça bilelikdäki seminary geçirmegiò mümkinçiligi;
  • galonlary peýdalanmagyò (esasan ýangyn söndüriji seriºdelerde ulanmak) meselesi boýunça giriº seminaryny geçirmek.

Maslahatyò iºiniò jemleri boýunça maslahatlar iºlenip taýýarlanyldy, olar ulgamyò gatnaºyjy ýurtlarynda degiºli suratda ara alnyp maslahatlaºylandan soò kabul ediler we 2007-nji ýylda ulgamyò iºlemegi üçin esas goýujy resminama bolar. ªeýle hem Monreal protokolynyò 20 ýyllygyny baýram etmek bilen baglanyºykly meselä garaldy.


Iºiò barºynda Ozon Kätipliginiò, Ýerine ýetiriji komitetiò, Köptaraply gaznanyò wekilleri, halkara ýerine ýetiriji agentlikler bilen ikitaraplaýyn duºuºyklar geçirildi. UNIDO-nyò wekilleri bilen gepleºikler has üstünlikli boldy. Gepleºikleriò barºynda metilbromid, gallonlar boýunça okuw seminarlaryny geçirmekde Türkmenistana kömek bermegiò, ºeýle hem durnukly organiki hapalaýjylar (POPs/SOZ) boýunça taslamany taýýarlamaga we ýerine ýetirmäge kömek bermegiò mümkinçiligine dahylly meseleler ara alnyp maslahatlaºyldy.



Gözleg








 
    Copyright © 2007 Türkmenistanyò Tebigaty goramak ministrligi. Ähli hukuklary goralandyr.