Türkmenistanyò Tebigaty goramak ministrliginiò we BMG Ösüº Maksatnamasynyò bilelikdäki "Ekologiki dolandyryºy gowulandyrmak üçin iºgär mümkinçiliklerini we guramaçylygy ösdürmek"
Döretmegiò deslapky ºertleri:
1992-nji ýylda Rioda bolup geçen Daºky gurºaw we Ösüº baradaky BMG-niò Konferensiýasynyò ýörelgelerini berjaý edip, ösüp barýan ýurtlar daºky gurºaw bilen meºgullanýan ýörite agentlikleri we ministrlikleri ýola goýmakda oòyn ädimleri kabul etdiler. Beýleki köp ýurtlar ýaly, Türkmenistan Daºky gurºaw baradaky Hereketleriò Milli Meýilnamasyny (DGGHMM) iºläp taýýarlady we BMG-niò konwensiýalaryndan we maksatnamalaryndan gelip çykýan borçnamalary ýerine ýetirmek baradaky Döwlet toparynyò ýanynda DGGHMM-i durmuºa geçirmek Merkezini döretdi. Oòa ºonuò ýaly-da Ykdysadyýet we maliýe ministrligi hem-de Tebigaty goramak ministrligi çekildi, olar DGGHMM-i durmuºa geçirmekde we maýa goýum seriºdelerini çekmekde degiºli ministrlikleriò we institutlaryò iºini bilelikde utgaºdyrýarlar.
Ýöne DGGHMM-ni durmuºa geçirmegiò bar bolan tärleriniò we onuò beýleki dürli milli we sebit baº ugurlary we meýilnamalary bilen aragatnaºyklarynyò seljermesiniò görkeziºi ýaly, DGGHMM-iò durmuºa geçirilmegi kyn we çylºyrymly iºdir. Türkmenistan tarapyndan gol çekilen halkara ekologik konwensiýalaryò altysynyò durmuºa geçirilmegini goºmak bilen toparyò üstüne köp wezipeler ýüklenildi.
Mundan baºga-da DGGHMM-i durmuºa geçirmekde dürli halkara guramalarynyò, agentlikleriniò we hökümetleriniò tagallalaryny we iºini birleºdirmegi utgaºdyrmak meselesi bardyr. DGGHMM-i durmuºa geçirmek Merkezine iºi utgaºdyrmak boýunça, degiºli ministrlikleriò we pudaklaýyn dolandyryº edaralarynyò maýa goýum taslamalarynyò birnäçesini durmuºa geçirmek üçin seriºdeler çekmekde degiºli ministrliklere we agentliklere ýardam etmek we durmuºa geçirmek boýunça esasy wezipeleri ýerine ýetirmek üçin öz mümkinçiligini ýokarlandyrmak gerek. DGGHMM boýunça çäreleri iº ýüzünde durmuºa geçirmek üçin 2006-njy ýylyò baºyndan Türkmenistanyò Tebigaty goramak ministrligi bilen BMG-niò Ösüº Maksatnamasynyò “Gowulandyrylan ekologik dolandyryº üçin guramaçylyk we iºgärler mümkinçiliginiò ösüºi” atly bilelikläki taslamasy ýerine ýetirilýär.
Wezipeler:
1. Bar bolan we döreýän ekologik meseleleri çözmek üçin guramaçylyk we iºgärler mümkinçiligini ýokarlandyrmak.
2. Ekologik syýasaty we tejribäni güýçlendirmekde Hökümete ýardam etmek.
3. Ekologik maglumatlaryò ýygnalyºyny, seljeriliºini we monitoringini gowulandyrmak.
4. Daºky gurºawy goramak ýörelgelerini, ölçeglerini we gurallaryny bölümçe meýilnamalaryna we kanunçylyga ornaºdyrmak.
5. Halkara konwensiýalaryò, daºky gurºawy goramagyò we durnukly ösdürmegiò çäklerinde borçnamalary ýerine ýetirmekde Hökümeti goldamak.
Beýany:
1. Taslama daºky gurºawyò dolandyrylyºyny gowulandyrmaga gönükdirilendir, ol Türkmenistanyò we tutuº sebitiò ekologiýa meselelerini çözmek üçin zerurdyr. Bu wezipä ýardam etmek üçin taslama tarapyndan daºky gurºawyò durnukly ösüºiniò ýörelgeleriniò we tejribeleriniò olara ornaºdyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen maksatly bölümçe baº ugurlarynyò we meýilnamalarynyò möçberlerine we ugurlaryna täsir ediler. Ösüºiò güòdelik we olara ekologik meseleleri hasaba alynmagyny üpjün etmegiò durmuº we ykdysady meýilnamalaryny gözden geçirmek boýunça intensiw tagallalar kabul ediler. Sonuò ýaly-da taslama tarapyndan DGGHMM-i durmuºa geçirmek merkeziniò mümkinçiligini ýokarlandyrmaga kömek berler we DGGHMM-i durmuºa geçirmek üçin halkara tehniki maslahat berler.
2. Taslama daºky gurºawy goramak boýunça maglumatlaryò monitoringiniò we dolandyrmagyò maglumat ulgamyny döretmekde goldaw eder. Bu ulgam ekologik maglumatyò ýygnalyºyny, seljeriliºini we ýaýradylyºyny gowulandyrmak we mümkin bolan çözgütleri kabul etmek üçin niýetlenendir.
3. BMG ÖM daºky gurºawy dolandyrmak we ekologiýa babatda ulanmak üçin guramaçylyk we kanunçylyk binýatlaryny güýçlendirmekde goldaw berer. Munuò özi daºky gurºawyò dolandyrylyºyny gowulandyrmak boýunça toplumlaýyn goramaçylyk seljermesini, Tebigaty goramak ministrligi bilen beýleki ministrlikleriò we guramalaryò arasyndaky bilelikdäki iºi güýçlendirmek boýunça halkara ekologik ylalaºyklary we guramaçylyk maslahatlary bilen laýyk gelºine baha bermek üçin milli kanunçylyga syny öz içine alar.
Üstünlikler:
1. Bar bolan bölümçe meýilnamalarynda we ösüºiò baº ugurlarynda ekologik ugurlara syn etmegi baºlamak üçin Baº ugur Ekologik baha bermek (BEB) boýunça Milli seminar geçirildi.
2. Daºky gurºawy goramak boýunça monitoringiò we maglumatlary dolandyrmagyò Maglumat ulgamynyò baº ýörelgesi iºlenilip taýýarlanyldy. Bu ulgamy döretmek boýunça Milli bilermenleriò iºçi topary döredildi. Milli seminarda Maglumat ulgamynyò baº ýörelgesiniò tanyºdyrylyºy we ara alnyp maslahatlaºylmasy geçirildi.
3. "Ekoloigk dolandyrmak üçin guramaçylyk we hukuk çärçuwalaryny kämilleºdirmek" atly taslama Iºçi topary ºu aºakdakylary ýerine ýetirdi:
- Milli ekologik we onuò bilen baglanyºykly kanunçylyklary, halkara ekologik konwensiýalary we ylalaºyklary ýygnamak we yzygiderli etmek. Maglumatlar binýady üçin elektron görnüºde maglumat taýýarlanyldy.
- Balkan, Ahal we Daºoguz welaýatlarynyò ýerli häkimiýet wekilleriniò, geòeºlikleriò, häkimlikleriò we hukuk goraýjy edaralarynyò iºgärleriniò ekologik-hukuk habarlylygynyò statusy we derejesi hakynda sosiologik pikir soraºmalar.
- Aýratyn goralýan tebigy ýerleri (AGTÝ) döretmegiò, hukuk derejesini almagyò, goramagyò we tebigy baýlyklary peýdalanmagyò amallaryny düzgünleºdirýän kanunçylyk we yzygiderli etmek.
4. Info-TUK merkezlerinde ekologik bilim boýunça takallaryò kursy iºlenip taýýarlanyldy.
5. Daºky gurºaw boýunça yzygiderli býulleteniò, öwrediji wideomateriallaryò iºlenip taýýarlanylmagyny we çykarylmagyny goºup, habarlylyk we wagyz etmek boýunça yzygiderli taslama çärelerini geçirmek baºlandy. 2006-njy ýylyò aýagynda jemgyýetçilik habarlylygy boýunça çäre hökmünde ekologik senenamanyò 2000 nusgasy çykaryldy. Tebigaty goramak ministrliginiò web-saýtyny döretmek boýunça iº geçirilýär.
6. Tebigaty goramak ministrliginiò we edara tabynlygyndaky guramalaryò hünärmenlerine iòlis dilini öwretmek boýunça yzygiderler okuwlar geçirilýär.
7. Tebigaty goramak ministrliginiò DGGHMM boýunça iºlenip taýýarlanan maglumatlar binýadyny tehniki taýdan goldamak boýunça iºler.
8. Kiçi grantlaryò Synag maksatnamasynyò çäklerinde grantlaryò ikisini durmuºa geçirmek we monitoringi baºlandy.