"MERKEZI AZIÝADA MÖHÜM ORNITOLOGIK ÝERLER" (MOÝ/IBA) MAKSATNAMASYNYÒ ÇAGINDE GEÇIRILEN "GUªLAR ÇAGALARYÒ GÖZI BILEN" ATLY ÇAGALARYÒ SURATKEªLIK BÄSLEªIGI


IBA/SA/TM Maksatnamasynyò jemgyýetçilik bilen iºleriniò meýilnamasyna laýyklykda, Bitaraplyk aýynyò 26-dan 31-i aralykda Türkmenbaºy ºäherindäki “Türkmenbaºy” otelinde Türkmenbaºy ºäheriniò mekdep okuwçylarynyò arasynda uglan edilen “Guºlar çagalaryò gözi bilen” atly bäsleºigi – çagalaryò suratkeºlik iºleriniò sergisi geçirildi. Sergide 187 sany çeperçilik iºleri goýuldi. Onuò açylan güni 300-den gowrak adam sergini görmäge bardylar: mekdep okuwçylary we olaryò mugallymlary, ºäher Häkimligiò, Tebigaty goramak ministrliginiò, Hazar döwlet goraghanasynyò, “Hazarekogözegçilik” ekologik gullugynyò wekilleri, IBA/SA/TM Maksatnamasynyò iºgärleri, Türkmenbaºy ºäheriniò guºlary söýüjiler Klubynyò agzalary, ºeýle-de TDH gullugynyò wekilleri. Bu aksiýa Hazar döwlet goraghanasynyò 75 ýyllygyna bagºlany. Bu bäsleºigi geçirmeklige Aºgabat ºäherindäki OBSE Merkezi maliýe goldawyny berdi. Bäsleºigiò ýeòijilerine, baýrakly orna mynasyp bolanlaryna ýadygärlik diplomlary, sowgatlar we höweslendiriji baýraklar gowºuryldy. Bu aksiýa has iºeòòir gatnaºan mekdeplere Tebigaty goramak ministrliginiò adyndan “Türkmenistanyò Gyzyl kitabynyò” toplumy gowºuryldy.

IBA/SA/TM Maksatnamasynyò jemgyýetçilik bilen iºlemeginiò çäginde 2008-nji ýylda tebigaty goramak çäreleriniò, aksiýalarynyò we Türkmenbaºy ºäheriniò guºlary söýüjiler Klubynyò agzalary bilen meýdanda guºlary öwrenmek iºleriniò bir näçesini geçirmeklik meýilleºdirilýär. Tebigaty goramak aksiýalaryny geçirmeklik ekologiýa meselelerine ýaºlary çekmek we ýerli ilatyò arasynda jemgyýetçiligiò ekologik hereketlerini wagyz etmek üçin örän ajyp hem täsirlidir, sergide goýulan suratlar olaryò tebigata we öz ýurdunyò guºlaryna çuòòur söýgüsini görkeziji bolup durýar.



Gözleg








 
    Copyright © 2007 Türkmenistanyò Tebigaty goramak ministrligi. Ähli hukuklary goralandyr.