Türkmenistanyò Tebigaty goramak ministrligi. Taslama "Hazar döwlet goraghanasynyò dünýä ähmiýetli biodürlüligini aýap saklama"

  

Taslama "Hazar deòziniò kenarýakasyndaky Hazar döwlet goraghanasynyò dünýä ähmiýetli biodürlüligini aýap saklama we durnukly peýdalanma"


    Taslamany döretmegiò deslapky ºertleri we taslamanyò beýany:
    Taslama goralýan ýerleri netijeli dolandyrmagy we Türkmenistandaky Hazar deòziniò kenarýakasyndaky Hazar döwlet goraghanasynyò biodürlüligini aýap saklamagy iº ýüzünde görkezmek arkaly goralýan ýerleriò milli ulgamyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Türkmenistandaky Hazar deòziniò kenarýakasyndaky sebitde guºlaryò iki sany migrasiýon ugurlary – Merkezi-Hindistan we Gündogar-Afrika ugurlary kesiºýär. Bu fakt kenarýaka batgalyk ýerleriò uçup geçýän guºlar üçin, ýagny Afrikadan we Hindistandan demirgazyga we Ýewropadan we Russiýadan günorta tarap uçup geçýän guºlar üçin örän möhümdigine güwä geçýär. Bu ýerler Hazar deòzindäki Gyzyl balygyò we Hazardaky ýeke-täk lastonik we endemiki süýdemdiriji görnüº bolan hazar düwleniniò gyºlaýan ýeridir.
    Biodürlüligiò ºeýle giò görnüºleriniò goralyp saklanmagy we durnukly peýdalanylmagy Türkmenistanyò kenarýaka biologik baýlyklaryny gorap saklamaklyga we dolandyrmaklyga hemmetaraplaýyn çemeleºmäniò ulanylmagyny talap edýär. Munuò üçin ýerli obalaryò giòden gatnaºmagy, döwlet bilen ýerli adamlaryò hyzmatdaºlygy, kenarýaka ekoulgamyò wezipesine we kenarýaka zolaklary dolandyrmagyò tejribelerine çuòòur düºünilmegi, tebigy baýlyklary dolandyrýan guramalaryò mümkinçiliklerini giòeltmekligi, Hereketleriò Meýilnamasyny we maliýe taýdan dolandyrmany gowulandyrmagy, ºeýle hem biodürlüligi aýap saklamak we durnukly peýdalanmak üçin höweslendirmeleriò ulanylmagy gerekdir. Taslama öziniò bähbidi bolan taraplary täze tejribeleri kabul etmek üçin Türkmenistana gabat gelýän usulda gerekli bolan gurallar, iº tejribeleri we ugurlar bilen üpjün etmeklige niýetlenendir. ªeýlelikde, taslama bütindünýä daºky gurºawa we milli durnukly ösüºe oòaýly täsir eder.

    Maksady:
    Goralýan ýerleriò milli ulgamynyò durnuklylygyny pugtalandyrmak arkaly Türkmenistanyò dünýä ähmiýetli biodürlüligini goramak.

    Öòde durýan wezipeler:
    Hazar döwlet goraghanasynda we biodürlüligi peýdalanmaklygy goramaklyga we dolandyrmaklyga hemmetaraplaýyn we uýgunlaºma çemeleºmäni iº ýüzünde görkezmek.

    Garaºylýan netijeler:
    1. Hazar döwlet goraghanasyny dolandyrmaklygyò we gorap saklamagyò netijeliligi üpjün edilýär.
    1.1. Hazar döwlet goraghanasynda bilelikdäki uýgunlaºma çemeleºme tejribesi girizilýär.
    1.2. Goraghananyò iºgärleriniò tehniki bilimleri we baºarnyklary güýçlendirilýär.
    1.3. Biodürlüligi aýap saklamagyò ugry giòeldilýär.
    2. Kenarýaka zolagy hemmetaraplaýyn dolandyrmak üçin mümkinçilikler döredilýär we biodürlüligi aýap saklamagyò maksatlary Hazar döwlet goraghanasynyò töweregindäki önümçilik pudaklaryna girizilýär.
    2.1. Kenarýaka zolaklary dolandyrmagyò we meýilleºdirmegiò täri kesgitlenýär.
    2.2. Goralýan landºaftyò araçäkleri we ºol landºaftdaky Hazar döwlet goraghanasynyò uzap gidýän ýerleri kesgitlenýär.
    2.3. Kenarýaka ekoulgamyò sagdynlygynyò görkezijileri baradaky maglumatlar binýady anyklanýar.
    3. Hazar döwlet goraghanasynyò töweregindäki ýerli ilatyò arasynda ynamdarly we açyk göwünli gatnaºyklar ýola goýulýar we ýabany tebigatyò baýlyklaryny ekologik dolandyrmaklyk guýçlendirilýär.
    3.1. Hazar döwlet goraghanasynyò töweregindäki ýerli ilatly obalarda özara ynamlylyk we birek-birege özara kömek bermek mümkinçilikleri gowylandyrylýar we ýerli obalaryò arasyndaky açyk göwünlilik gatnaºyklary dikeldilýär.
    3.2. Tebigy baýlyklary durnukly peýdalanmagyò tejribede görkezilmegi balykçylygyò täze usullaryny teklip eder we Hazar goraghanasynyò kenarýaka etraplarynda uçup geçýän guºlara düºýän agramy azaldar.
    4. Taslamanyò iò oòat tejribeleri Türkmenistanyò goralýan ýerleriniò Milli ulgamyna giriziler.
    4.1. Uýgunlaºma dolandyrmany goldamak ulgamy Tebigaty goramak ministrligine giriziler.
    4.2. Goralýan ýerleri dolandyrmak boýunça tälim beriº okuwy geçirilmeli.
    4.3. Goralýan ýerleriò iò oòat tejribelerini milli derejede ornaºdyrmaklygyò ulgamyny döretmeklik.
    4.4. Goralýan ýerleriò we alnan sapaklar boýunça maglumatlar alyºmaklygyò tärini ýola goýmak we guýçlendirmek.
    Hereketleriò meýilnamasyna girizmek üçin we Hazaryò aýratyn goralýan ýerlerini uzak möhletleýin maliýeleºdirmek üçin gerek bolan ykdysady esaslandyrmany iºläp düzmek.


Gözleg








 
    Copyright © 2007 Türkmenistanyò Tebigaty goramak ministrligi. Ähli hukuklary goralandyr.