GTZ-CCD/ÇÖHDMI-niò "Türkmenistanyò üç sebitinde ýerleriò zaýalanmagyna garºy göreº" synag taslamasy
Türkmenistanyò we Germaniýa Federatiw Respublikasynyò hökümetleriniò özara Hyzmatdaºlyk ylalaºygyny baglaºmagy Çölleºmäge garºy göreº hereketleriniò milli maksatnamasyny ýerine ýetirmekde Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutyò (ÇÖHDMI) mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça ilkinji çäreleri geçirmeklige baºlangyç berdi. Institutyò alymlary we hünärmenleri üçin taslamalary meýilnamalaºdyrmak, oba ilaty we aýal-gyzlar bilen iºleºmegiò usullary barada nazaryýet we amaly okuw-seminarlar geçirildi.
Gazanylan bilim-tejribeler GTZ-CCD/ÇÖHDMI-niò «Türkmenistanyò üç sebitinde ýerleriò zaýalanmagyna garºy göreº» atly synag taslamasynyò esasyny düzdi. Taslamanyò çäreleri 1998-nji ýylda Bokurdak obasynda (Merkezi Garagumda) baºlanyp, 2000-nji ýyldan bäri täze taslama sebitlerinde, ýagny Nohurda (Merkezi Köpetdagda) we Sakarçägede (Mary oazisinde) hem ýerine ýetirilýär.
Taslamanyò esasy maksatlary
Taslama özüniò esasy maksatlaryna ýetmek üçin toplumlaýyn iº alyp barýar:
-Özara goldaw mümkinçiligini artdyrmagyò hasabyna ýerli ilatyò ýaºaýyº ºertlerini gowulandyrmak we tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak;
-Oba ýerlerinde çölleºmäge garºy göreºmegiò we ýer baýlyklaryndan durnukly peýdalanmagyò amaly usullaryny iºe girizmek;
-Milli, sebitara we halkara derejelerinde çölleºmäge garºy göreº boýunça tejribe toplamak we özara maglumat alyºmak, hem-de habar beriº seriºdeleriniò kömegi bilen ilaty habardar etmek.
Çölleºme hadysasynyò täsir edýän ýerlerinde ýaºaýan ilaty taslamanyò çärelerini meýilnamalaºdyrmaga, ýerine ýetirmäge we netijelerine baha bermäge çekmek taslamanyò iº usulynyò esasyny düzýär.
Format: PDF
Ululyk: 684 Kb
Doldurmak: GTZ-CCD_tm.pdf 