Taslama "Türkmenistanda goralýan ýerleriò ulgamyny gowulandyrmak (EKONET)"
Döretmegiò deslapky ºertleri:
Biodürlüligi aýap saklamak baradaky Konwensiýadan gelip çykýan Türkmenistanyò borçnamalaryny ýerine ýetirmeginiò çäklerinde ileri tutulýan ugurlaryò biri-de ekoulgamlary aýap saklamagyò we seýrek hem-de ýitip barýan görnüºleri goramagyò seriºdeleri hökmünde goralýan ýerleri döretmekdir we olaryò ulgamyny goldamakdyr (AGTÝ).
Türkmenistan üçin ºeýle ulgamyò artykmaçlyklary diòe bir dünýä we milli biodürlüligi aýap saklamak bolman, eýsem ekoulgamlaryò sazlaºykly paýdalanylmagyny hem goldamakdyr, olar adamzat iºine (suw howdanlaryny goramak we º.m.) we goralýan çäkleriò gapdalynda ýa-da içinde ýaºaýan bileleºikleriò mümkinçiliginiò durmuº-ykdysady ösüºine baglydyr (ýabany tebigatyò önümleriniò durnukly peýdalanylmagy, ekosyýahat).
Döwletiò milli biodürlüligi aýap saklamak babatda goralýan çäkleri netijeli golandyrmak ulgamyny kämilleºdirmek arkaly goralýan çägiò milli ulgamyny döretmäge gönükdirilen syýasaty ºol bir wagtda ilata ekologik, durmuº we ykdysady bähbitleri kepillendirýär. AGTÝ ulgamynyò esasy wezipesi ýurduò biodürlüliginiò wekilleriniò nusgalaryny aýap saklamakdyr.
Maksatlary:
1. Biodürlüligi aýap saklamakda we durnukly peýdalanmakda Türkmenistanyò talaplaryny yzygiderli seljermegiò esasynda AGTÝ ulgamyny meýilleºdirmek;
2. Biodürlüligi aýap saklamakda we ösdürmekde bar bolan talaplary kanagatlandyrýan has gowy ýagdaýda AGTÝ ulgamyny dolandyrmagyò mümkinçiliklerini giòeltmek üçin guramaçylygy güýçlendirmek;
3. Göreldeli goralýan çäkleriò birinde ýa-da birnäçesinde dolandyryºyò täze çemeleºmeleriniò durmuºa geçirilmelerini göni goldamak.
Beýany:
ªu taslama biodürlüligi aýap saklamak boýunça Milli Baº ugrunyò we Hereketleriò Meýilnamasynyò baºky durmuºa geçirilmeginde Türkmenistanyò Hökümetine kömek bermäge gönükdirilendir, ol 2002-nji ýylda tamamlanyldy we kabul edildi. Taslama kagyzda meýilleºdirmekden anyk hereketlere geçilmegini üpjün edýär. Hususan-da taslamada aýratyn goralýan tebigy ýerleriò (AGTÝ) ulgamynyò ileri tutulýan düzüm böleklerini kesgitlemäge aýratyn üns berler.
Üstünlikler:
1. GTÝ hakyndaky maglumatlary ýygnamak, saklamak, dolandyrmak we seljermek üçin elektron ulgamy we maglumatlar binýadyny (IMS/PAs) iºläp taýýarlamak, ornaºdyrmak, oturtmak we goldamak. GTÝ-niò hünärmenlerini we Tebigaty goramak ministrliginiò saýlanan hünärmenlerini ýokarda ýatlanan elektron ulgamy bilen iºde okatmak. Türkmenistanyò GTÝ-niò elektron ulgamyny maddy-tehniki taýdan goldamak (kompýuter enjamyny satyn almak).
2. Üç synag GTÝ: Repetek, Amyderýa we Sünt-Hasardag döwlet goraghanalaryny dolandyrmagyò orta möhletli meýilnamalaryny iºläp taýýarlamak we tanyºdyrmak, olar ýokarda ýatlanylan goraghanalar üçin iºlenip taýýarlanylan shema/kartalaryò üçüsini öz içine alýar.
3. ªol sebitiò rastr topografik kartalarynyò (1:200 000 & 1:100 000) iºlenip taýýarlanylmagyny we ornaºdyrylmagyny goºup, Balkan welaýatynyò Magtymguly etrabynda Sumbar milli seýilgähini döretmegiò ekologik-ykdysady esaslandyrmasyny iºläp taýýarlamak. MS-iò deslapky kadalaºdyrmalaryny iºläp taýýarlamak we bermek.
4. Sünt-Hasardag milli goraghanasynyò binýadynda MS-i döretmegiò maksatlary we wezipeleri boýunça jemgyýetçilik iºini we treningi goldamak üçin Beýik Britaniýa döwletiniò ilçihanasyndan alnan granty dolandyrmak.
5. Täze GTÝ-i dolandyrmak boýunça maslahatlary iºläp taýýarlamak we Tebigaty goramak ministrliginiò garamagyna bermek.
- okatmakdaky talaplara baha bermek we degiºli maslahatlary iºläp taýýarlamak;
- durnukly esasda monitoringi amala aºyrmak üçin netijeli seriºdeleri kesgitlemek;
- monitoringiò esasy resminamasyny – Tebigatyò Her ýylky Ýylýazgysyny girizmek üçin ýeke-täk ölçegi taýýarlamak;
- Türkmenistanyò geljekki ekologik ulgamynyò kiçi möçberli kartasynyò düzülmegini goºup, Türkmenistanda GTÝ-niò mukdaryny we görnüºini üýtgetmek boýunça maslahatlary iºläp taýýarlamak.