"Ýer baýlyklaryny dolandyrmak boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyò baºlangyçlary" (ÝBDMAÝB) Sebit Maksatnamasy.


BMG-niò Çölleºmäge garºy göreº baradaky Konwensiýasyny ýerine ýetirmek we bu ugurda halkara guramalary bilen hyzmatdaºlygy ösdürmek maksady bilen Merkezi Aziýa ýurtlary on ýyllyk (ÝBDMAÝB) Sebit Maksatnamasyny düzdiler.

ÝBDMAÝB-nyò maksady – ýer we suw baýlyklaryny tygºytly peýdalanmak üçin olary durnukly dolandyrmak, ýeriò zaýalanmagynyò öòüni almak we zaýalanan ýerleri dikeltmek hem-de Merkezi Aziýa döwletlerinde oba ilatynyò hal-ýagdaýyny gowulandyrmak bolup durýar. Bellenilen maksatlara ýetmek üçin dürli çäreler göz-öòünde tutuldy. Olar ºu aºakdakylara gönükdürilendir:

-Ýer baýlyklaryny durnukly dolandyrmak üçin kanunçylyk esasyny döwrebaplaºdyrmak;

-Ýer baýlyklaryny dolandyrmakda meýilleºdirýän we ýerine ýetirýän esasy ministrlikleriò we edaralaryò mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak;

-Ýer baýlyklaryny durnukly dolandyrmakda ýerli ilatyò mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak;

-Oba ilatyò hal-ýagdaýyny gowulandyrmak we abadanlaºdyrmak, ekoulgamlaryò funksiýalaryny we durnuklylygyny dikeltmek hem saklamak maksady bilen maýa goýumlary ýurduò sebitlerine göndermek (taslama çäreleri).

Bu Maksatnama boýunça Merkezi Aziýa döwletleriò hyzmatdaºlary BMG-niò Çölleºmäge garºy göreº baradaky Konwensiýasynyò Baº ugur hyzmatdaºlygyò Ylalaºygynyò agzalary bolup durýar. Oòa ºu aºakdakylar girýär:

-Aziýanyò Ösüº Banky (ADB);

-Kanadanyò Halkara Ösüº Edarasy (CIDA);

-Germaniýanyò tehniki hyzmatdaºlyk jemgyýeti (GTZ);

-Dünýä Ekologik Gaznasy (GEF);

-BMG-niò ÇGK-nyò Dünýä Mehanizmi ( UNCCD);

-Gurak sebitlerde oba hojalyk barlag halkara merkezi (ICARDA);

-Oba hojalyk ösüº Halkara gaznasy (IFAD);

-ªweýsariýanyò ösüº we hyzmatdaºlyk agentligi (SDC);

-BMG-niò Ösüº Maksatnamasy (UNDP);

-BMG-niò Daºky Gurºaw Maksatnamasy (UNEP);

-Bütindünýä Banky (WB).


ªeýle hem ÝBDMAÝB-na BMG-niò Bütindünýä iýmit we oba hojalyk edarasy (FAO), Yslam Ösüº Banky (IDB) we BMG-niò ÇGK-nyò Kätipligi gatnaºýarlar.

ÝBDMAÝB Sebit Maksatnamasyny ýerine ýetirmek we ýurtlardaky Milli Utgaºdyryjy Geòeºlerine (MUG) hem-de Kätipliklerine ýolbaºçylyk etmek üçin Ýolbaºçy Topary we Döwletara Kätipligi (Biºkek º.) döredildi.

Türkmenistanyò Utgaºdyryjy geòeºine oba hojalyk toplumynyò ministrlikleriniò we edaralarynyò hünärmenleri, alymlar hem-de jemgyýetçiligiò wekilleri girýärler.

ÝBDMAÝB-nyò Kätipligi üç adamdan ybaratdyr: ýolbaºçy, taslamalary ýerine ýetirmek we gözegçilik etmek boýunça hünärmen, maliýe we administratiw iºler boýunça hünärmen; onuò iºi Milli Çarçuwaly Maksatnamany ýerine ýetirmeklige, gözegçilik etmeklige gönükdürilendir. Bulardan baºga-da Milli kätiplik donorlar (pul berijiler) we geljekki taslamalaryò gatnaºyjylary bilen sazlaºykly gatnaºygy ýola goýmak iºlerini alyp barýar.

Sebit Baºlangyjynyn çäklerinde milli we sebit taslamalarynyò birnäçesini ýerine ýetirmek göz-öòünde tutulýar. Häzirki wagtda Türkmenistan ICARDA, FAO AÖB we BMG-niò Ösüº Maksatnamasy bilen bilelikde „Ýer seriºdelerini durnukly dolandyrmak üçin bilimleri dolandyrmak“, „Ýer seriºdelerini durnukly dolandyrmak üçin maglumat ulgamlary“ we „Ýer seriºdelerini durnukly dolandyrmak üçin mümkinçiligi ýokarlandyrmak“ sebit taslamalaryny ýerine ýetirmekde ysnyºykly gatnaºýar. ªu aºakdaky ugurlar boýunça taslamalaryò düzülmegine degiºli iºler alnyp barylýar:

-Uzak möhletleýin meýilleºdirmek we durnukly dolandyrmak üçin Türkmenistanyò ýer seriºdeleriniò gözegçilik ulgamyny döretmek;

-Suwarylýan meýdanlary durnukly we bilelikde dolandyrmak

-Ýerli ilatyò gatnaºmagynda Merkezi Köpetdagyò tokaýlaryny dikeltmek;

-Baharly etrabynyò göreldesinde öri meýdanlaryny dikeltmek we durnukly peýdalanmak modelini döretmek.

ÝBDMAÝB-ni ýerine ýetirmek üçin sebit ýurtlary öz Milli Çarçuwaly Maksatnamalaryny düzdiler. Türkmenistanyò MÇM-nda ýurduò ýer seriºdelerini durnukly peýdalanmakda ileri tutulýan meseleler görkezilendir. ªol sanda: ýeriò ºorlaºmagy, ýerlerin suwaryº iºlerini gowulandyrmak, zaýalanan tokaý we öri meýdanlaryny dikeltmek, tebigy, ýer we suw seriºdeleriniò milli monitoring ulgamyny döretmek, bu ugurlar boýunça ylmy barlag iºlerini giòeltmek.

2007-nji ýylyò Sanjar aýynda Türkmenistanyò Baºlangyjynyò çäklerinde GEF, GTZ we UNDP ýaly edaralaryò kömegi bilen „Ýer seriºdelerini durnukly peýdalanmak üçin mümkinçiligi döretmek we ýerlerde maýa goýumlar“ atly 3 ýyllyk uly taslama öz iºine baºlady.

Türkmenistanyò MÇM-ny üstünlikli ýerine ýetirmegi, ýurtda alnyp barylýan daºky gurºaw milli syýasatynyò indiki döwrebaplaºmagyna, adamyò ýer we suw seriºdelerine täsirini azaltmagyna, çölleºmä garºy göreºi güýçlendirmekde ýardam berer.



Gözleg








 
    Copyright © 2007 Türkmenistanyò Tebigaty goramak ministrligi. Ähli hukuklary goralandyr.