TÜRKMENISTANDA BMG-NIÒ ÇÖLLEªMÄGE GARªY GÖREª BARADAKY KONWENSIÝASY


Çölleºmäge garºy göreº baradaky Konwensiýa (ÇGGK) - daºky gurºaw baradaky üç Rio-konwensiýalarynyò biridir. ÇGGK-niò düzgünlerini iºläp düzmek we ara alyp maslahatlaºmak Birleºen Milletler Guramasynyò (BMG) ýolbaºçylygy astynda ýerine ýetirildi.

BMG-niò 1992-nji ýylyò Oguz aýynda bolan daºky gurºaw we ösüº baradaky konferensiýasy (UNCED - Rio-de-Žaneýroda bolan "Ýer planetasy" boýunça ýokary derejede duºuºyk ady bilen bellidir) BMG-niò Baº Assambleýasyna gurakçylyk we çölleºme hadysasy sebäpli kynçylyk çekýän ýurtlarda çölleºmäge garºy göreº barada Konwensiýany iºläp düzmek boýunça gepleºikler geçirmek üçin Hökümetara Komitet döretmegi teklip etdi. Komitet 1993-nji ýylyò baºynda döredilip, Konwensiýa kabul edilýänçä 5 gezek taýýarlyk mejlisini geçirdi. Konwensiýa 1994-nji ýylyò Oguz aýynyò 17-ne Pariž ºäherinde kabul edildi we ºol ýylyò Garaºsyzlyk aýynda ýurtlar üçin Konwensiýa gol çekmeklik mümkinçiligi açyldy. 1996-njy ýylda ony 100-den gowrak döwlet gol çekip ykrar edensoò, Konwensiýa güýje girdi.

Umumy meýdanynyò 80 %-den gowragyny çöl tutýan Türkmenistan 1996-njy ýylda BMG-niò Çölleºmäge garºy göreº baradaky Konwensiýasyna goºuldy.

Konwensiýanyò maksady – gurakçylyk we çölleºme hadysasy sebäpli kynçylyk çekýän ýurtlarda netijeli çäreler geçirmek arkaly çölleºmäge garºy göreº alyp barmakdyr. Bu çäreler XXI asyryò gün tertibine gabat gelýän we bu ýurtlarda durnukly ösüºi gazanmaga ugrukdyrylan toplumlaýyn çemeleºmegiò çäklerinde baglaºylan özara hyzmatdaºlyk baradaky ylalaºyklar bilen bilelikde alnyp barylmalydyr.

Konwensiýanyò Ýokary karar kabul ediji edarasy Konwensiýanyò Taraplarynyò (ýurtlaryò) Konferensiýasydyr (TK). Ol öz mumkinçilikleriniò çäklerinde Konwensiýany netijeli ýerine ýetirmek üçin zerur bolan kararlary kabul edýär. TK-niò esasy wezipeleri ºulardan ybaratdyr: Konwensiýanyò ýerine ýetiriliºine yzygiderli gözegçilik etmek; Taraplaryò geçirýän ççrelerini goldamak we olar barada özara tejribe alyºmaklyga ýardam etmek; Taraplaryò borçlaryny ýerine ýetiriºleri barada taýýarlan hasabatlaryna seretmek we olar barada teklipler bermek; Konwensiýany ýerine ýetirmek üçin zerur bolan kömekçi edaralary döretmek.

Türkmenistanda Milli utgaºdyryjy merkez hökmünde Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty (ÇÖHDMI) bellendi. 1997-nji ýylda Çölleºmäge garºy göreº hereketleriniò Milli maksatnamasy iºlenip düzüldi. Türkmenistanyò BMG-niò daºky gurºaw baradaky konwensiýalaryndan we maksatnamalaryndan gelip çykýan borçlarynyò ýerine ýetiriliºine gözegçilik etmek we amala aºyrylýan çäreleri utgaºdyrmak maksady bilen 1999-njy ýylda Döwlet iºjeò topar döredildi. Iºjeò topar ýylda bir ýa-da iki gezek öz ýygnagynda konwensiýalaryò we maksatnamalaryò ýerine ýetiriliºi baradaky maglumatlary diòleýär.


Format: Rar


Ululyk: 427 Kb


Doldurmak: UNCCD_tm.pdf   Download




Gözleg








 
    Copyright © 2007 Türkmenistanyò Tebigaty goramak ministrligi. Ähli hukuklary goralandyr.