BMG-niò Daºky gurºaw baradaky konwensiýalarynda we maksatnamalaryndan gelip çykýan Türkmenistanyò borçnamalarynyò ýerine ýetiriliºini üpjün etmek baradaky döwlet iº topary hakynda


    Tebigaty aýap saklamak we daºky gurºawyò hilini gowulandyrmak Türkmenistanyò döwlet syýasatynyò ileri tutulýan ugurlarydyr. Türkmenistanyò uzak möhletli ekologiýa syýasatynyò esasy ýörelgeleri we düzgünleri ýurduò ºu aºakdaky esas goýujy resminamalarynda kesgitlenildi:
    – “Türkmenistany ykdysady, syýsasy we medeni taýdan ösdürmegiò 2020-nji ýyla çenli döwür üçin baº ugry”;
    – “Türkmenistanyò Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaºynyò Daºky gurºawy goramak barada hereketleriò milli meýilnamasy” (DGGHMM).
    Türkmenistanyò öòe gidýän ösüºiniò 2020-nji ýyla çenli döwür üçin baº ugry ýeke-täk bitewi hökmünde ykdysadyýetiò we ekologiýanyò uzak wagtlaýyn ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär we ýurduò ykdysadyýetiniò we jemgyýetiò islegleri bilen deòeçerleºdirilen tebigy baýlyklary netijeli peýdalanmak üçin amatly ºertleri döretmäge, ºeýle hem tebigy baýlyk mümkinçiligini gaýtadan döretmegiò we goramagyò zerur derejesini üpjün etmäge gönükdirilendir.
    Türkmenistanyò Tebigaty goramak ministrligi daºky gurºawy goramak we tebigatdan rejeli peýdalanmak çygrynda döwlet syýasatyny amala aºyrýan edaradyr. Onuò düzüminde tebigaty goramagyò sebit müdirlikleriniò bäºisi; “Kaspekogulluk” ýöriteleºdirilen inspeksiýa; Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institut; Tokaý tohumçylygy we tebigy seýilgähleri goramak baradaky gulluk; döwlet goraghanalarynyò sekizisi iºjeò iºleýär.
    Ýurtda geljek üçin göz öòünde tutulýan senagat önümçiliginiò, oba hojalygynyò, infrastrukturanyò intensiw ösüºi, transmilli we beýleki maýa goýum taslamalarynyò durmuºa geçirilmegi ýüze çykýan ekologiýa meseleleriniò häzirki zaman çözgüdini talap edýär.
    Dünýä ekologik meseleleriniò üstünlikli çözülmegi planetamyzyò ähli ýurtlarynyò ylalaºylan baº ugruna we ykjam hyzmatdaºlygyna baglydyr. Türkmenistan, doly hukukly özbaºdak, bitarap döwlet hökmünde, halkara bileleºigine girip, köp ºertnamalara we ylalaºyklaryna özüniò ygrarlydygy hakynda mälim etdi. Biziò ýurdumyz beýlekileriò hatarynda möhüm tebigaty goraýyº kanwensiýalaryna goºuldy we öz üstüne alan borçnamalaryny mynasyp ýerine ýetirýär. Olaryò hatarynda:
    – Biodürlülik hakyndaky konwensiýa;
    – BMG-niò çölleºmäge garºy göreº baradaky konwensiýasy;
    – Ozon gatlagyny goramak baradaky Wena konwensiýasy we ozon gatlagyny dargadyjy jisimler baradaky Moreal beýany (protokoly);
    – Howply galyndylaryò serhetüsti daºalyºyna we olaryò ýok ediliºine gözegçilik hakyndaky Bazel konwensiýasy;
    – Maglumata elýeterlilik, daºky gurºawa degiºli meseleler boýunça çözgütleriò prosesine jemgyýetçiligiò gatnaºmagy we adyl kazyýetlilige elýeterlilik hakyndaky Orhus konwensiýasy;
    – Hazar deòziniò deòiz gurºawyny goramak baradaky çäklendiriji konwensiýa.
    Ýokarda agzalan resminamalardan gelip çykýan borçnamalary, düzgünleri, wezipeleri üstünlikli durmuºa geçirmek üçin 1999-njy ýylyò Nowruz aýynda Türkmenistanyò Prezidentiniò karary bilen BMG-niò Daºky gurºaw baradaky Konwensiýalaryndan we maksatnamalaryndan gelip çykýan borçnamalarynyò ýerine ýetiriliºini üpjün etmek baradaky Döwlet iº topary döredildi. Biziò ýurdumyzda daºky gurºaw baradaky konwensiýalar we maksatnamalar boýunça Döwlet iº topary daºky gurºaw babatynda halkara ylalaºyklaryny, maksatnamalaryny durmuºa geçirmegiò netijeli guraly bolup hyzmat edýär. Daºky gurºawy goramak bilen baglanyºykly BMG-niò konwensiýalaryny we maksatnamalaryny durmuºa geçirmek borçnamalarynyò ýerine ýetiriliºini utgaºdyrmak, dolandyrmak, maglumaty ýaýratmak, hasabat bermek boýunça milli derejede bölümler arasyndaky, edaralar arasyndaky gurama bolmak bilen, öz iºi arkaly ol diòe bir ýurtda däl, eýsem onuò çäklerinden daºynda hem ünsi özüne çekýär. Her ýyl mejlisler geçirilip, onda tebigaty goramak we tebigatdan rejeli peýalanmak bilen baglanyºykly gündelik meseleler ara alnyp maslahatlaºylýar. Häzir onuò düzüminde dürli halkara tebigaty goramak ylalaºyklary, hereketleriò maksatnamalary, meýilnamalary boýunça iºçi toparlarynyò 7-si netijeli iºleýär. Döwlet iº toparynyò iºçi toparlary anyk maksatly çäreleri, olary ýerine ýetirmegiò möhletleri we garaºylýan netijeleri bolan tassyklanan iº meýilnamasyna laýyklykda iºleýär.
    Döwlet iº topary iºiniò sekizýyllyk döwrüniò içinde onuò iºçi toparlary tarapyndan daºky gurºaw babatynda ºu aºakdaky düýpli (esas goýujy) resminamalar iºlenip taýýarlanyldy we çap edildi. Bular “Türkmenistanyò Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaºynyò Daºky gurºawy goramak barada hereketleriò milli meýilnamasy” (DGGHMM), “BMG-niò klimatyò üýtgemegi baradaky çäklendiriji konsepsiýa boýunça ilkinji milli habar”; “Türkmenistanyò daºky gurºawynyò ýagdaýy hakynda” Milli nutuk; “Türkmenistanyò Gyzyl kitabynyò” ikinji neºiri; “Türkmenistanyò biodürlüligini aýap saklamak boýunça hereketleriò baº ugry we meýilnamasy” syn: Milli syn “Türkmenistanyò durnukly ösüºi, Rio+10”; daºky gurºaw boýunça adalgalaryò ilkinji türkmen düºündiriºli sözlügi, “Türkmenistanyò daºky gurºaw baradaky halkara-hukuk resminamalarynyò ýygyndysy”, “DGGHMM-iò sahypalary boýunça ýolgörkeziji”, “Türkmenistan: BMG-niò dünýä ekologiýa konsepsiýalaryny durmuºa geçirmek üçin mümkinçiligine baha bermek. Mowzuklaýyn synlar”. Mundan baºga-da, mugallymlar üçin “Ekologiýa” okuw gollanmasy türkmen dilinde neºir edildi, munuò özi Türkmenistanda bu ugurdaky ilkinji neºirdir.
    Aºakda Döwlet iº toparynyò iºçi toparlarynyò 2006-njy ýyldaky iºi hakynda gysgaça maglumat getirilýär.
    1. Biodürlülilik hakyndaky konwensiýa. Bu konwensiýanyò iºçi topary DGGHMM-ni we BSBUHM-ni durmuºa geçirmek boýunça Tebigaty goramak ministrligi bilen ykjam hyzmatdaºlykda iºledi. “Türkmenistanda AGTY-niò dolandyryº ulgamyny gowulandyrmak (EKONET)” taslamasynyò çäklerinde elektron ulgamy döredilip, ol goraghanalaryò 8-sini we Tebigaty goramak ministrliginiò welaýat müdirlikleriniò 5-sini özüne birleºdirdi. Repetek, Amyderýa we Sünt-Hazardag döwlet goraghanalarynyò halkara ölçegdäki 5 ýyllyk orta möhletli menejmenti meýilnamalary, Türkmenistanyò ekologik ulgamynyò kartalary – EKONET (1:500000) iºlenilip taýýarlanyldy. Balkan welaýatynyò Magtymguly etrabynda Sumbaryò Milli tebigy seýilgähini döretmek üçin ekologiýa-ykdysady esaslandyrma taýýarlanyldy. “Biodürlüligi aýap saklamak, 2-nji tapgyr” taslamasynyò çäklerinde tebigaty goramak ministrligi Kliring-Haus-Tärini (KHT) ýa-da dellalçylyk tärini döretmäge giriºdi. Milli KHT-ni döretmek üçin maglumat ýygnamak we alyºmak boýunça bar bolan ýagdaýa seljerme geçirildi, ol KHT-ni döretmek arkaly ýurduò maglumat seriºdelerini kämilleºdirmäge mümkinçilik berer we BSBUHM-niò ýerine ýetiriliºiniò monitoringini geçirmäge ýardam eder. 2006-njy ýylda biodürlülik hakynda üçünji milli hasabaty taýýarlamak boýunça iºi doly tamamlandy; 2002–2005-nji ýyllardaky döwürde BSBUHM-ni ýerine ýetirmegiò monitoringi amala aºyryldy we Hereketleriò meýilnamasyny durmuºa geçirmegiò barºyny iºjeòleºdirmek boýunça ädimler bellenildi. Hasabat türkmen, rus we iòlis dillerinde 263 sahypada beýan edildi. Ýakyn wagtda bu hasabatyò gysgaldylan görnüºi taýýarlanylar we üç dilde neºir ediler. “Merkezi Aziýanyò esasy ornitologik ýerleri” atly sebit maksatnamasynyò çäklerinde mümkinçilikli esasy uçastoklaryò 50-sinden ýarysy diýen ýaly beýan edildi. “Merkezi Aziýada biodürlüligi uzak möhletli aýap saklamak üçin EKOWET-i taslamak” DEG–UNEP–WWF taslamasynyò çäklerinde AGTY-niò serhetüsti ulgamyny iò amatly ýagdaýa ýetirmek iºenip taýýarlanan, Aºgabatda MKUR-yò mejlisinde tassyklanan (2006-njy ýylyò Nowruz aýy) shemasy bütin sebit üçin ýeke-täk ekologiýa ulgamyny döretmäge we sebitiò biologik we landºaft dürlüligini kepillendirip aýap saklamaga hem-de ilatyò durmuº ºertlerini gowulandyrmaga mümkinçilik berer. DEG we BMGÖM tarapyndan goldanylan, ýurtda iò uly “Hazar deòziniò kenarýakasynda bütindünýä ähmiýetli Hazar goraghanasynda biologik dürlüligi goramak we durnukly peýdalanmak” taslamasy (2006–2010-njy ýyllar) Türkmenistanyò biodürlüligini, ºol sanda goralýan ýerleriò milli ulgamynyò durnuklylygyny pugtalandyrmak arkaly aýap saklamaga gönükdirilendir. 2006-njy ýylda “In-siti/on form Merkezi Aziýada agrobiodürlüligi (miweli ekinleri we olaryò ýabany görnüºlerini) aýap saklamak we peýdalanmak” IPGRJ/UNEP/DEG iò uly sebit taslamasy hereket edip baºlady. Onuò çäklerinde Türkmenistanyò birnäçe YBI miweli görnüºleriniò genetik seriºdelerini aýap saklamak, peýdalanmak we alyºmak boýunça çäreler amala aºyrylar, okuw merkezleriniò 3-si dörediler, ºol sanda biri Sebit-naryò genetik seriºdeleri boýunça (ösümlikleriò genetik seriºdeleriniò Magtymgulydaky ylmy-önümçilik merkeziniò binýadynda) we 2 milli-miweli ekinler boýunça merkez (Ekerançylyk YBI-niò binýadynda) we pisse boýunça (ÇÖHDMI-niò binýadynda). Merkezi-Garagum goraghanasyny döretmek boýunça esaslandyrma we ähli zerur resminamalar taýýarlanyldy we goraghanany guramak üçin Merkezi Garagumda ýer bölüp bermek hakynda Ahal welaýatynyò häkimligi bilen deslapky ylalaºyk gazanyldy. Köpetdagda we dag etek düzlüginde arça tokaýlaryny we pisse tokaý baglaryny döretmek boýunça iº giò gerim alýar. Türkmenistanyò biodürlüligini aýap saklamak boýunça, ºol sanda mümkinçiligi pugtalandyrmak, keseki, ýat zäherleýji görnüºleriniò introduksiýasynyò netijelerinden töwekgelçilige baha bermek, taksonomik barlaglary güýçlendirmek we baºgalar boýunça taslama teklipleriniò birnäçesi taýýarlanyldy hem-de DEG-e berildi. Donoryò baºlangyjy boýunça telefon arkaly bolup geçen maslahatdan soò ýurtda ilkinji milli (Sumbar) seýilgähini döretmek boýunça iò uly taslama teklibini taýýarlamak hakynda karar kabul edildi, bu iº häzirki wagtda Türkmenistanda BMGÖM bilen bilelikde alnyp barylýar. ÇÖHDMI-niò we goraghanalaryò ylmy bölümleriniò iºgärleri tarapyndan meýdan iºleri wahtynda oòurgaly haýwanlaryò seýrek we ýitip gitmek howpy astynda durýan 30-dan gowrak görnüºi boýunça täze maglumatlar alyndy, uçýan suw-batga guºlarynyò esasy jemlenýän ýerleri kesgitlenildi, olaryò uçýan ýollarynyò kartalary düzüldi. PG-niò teklipleri:
    Hereketleriò meýilnamasyny ähli ministrlikleriò we pudaklaýyn dolandyryº edaralarynyò hökmany suratda ýerine ýetirmegi bilen Türkmenistanyò Agrosenagat toplumyna BSBUHBM-ni tassyklamaga bermek; biodürlülik merkeziniò döredilmegini çaltlandyrmak.
    2. BMG-niò çölleºmäge garºy göreº baradaky konwensiýasy. Mälim bolºy ýaly, BMG-niò Baº Assambleýasy BMG-niò Çölleºmäge garºy göreº baradaky Konwensiýasynyò güýje girmeginiò 10 ýyllygy bilen baglanyºykly 2006-njy ýyly Çölleriò we çölleºmäge garºy göreºiò Halkara ýyly diýip yglan etmegi karar etdi (58/211 rezolýusiýa). Sunuò bilen baglanyºykly Türkmenistanda “Türkmenistanyò Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaºynyò tebigaty goramak hakyndaky taglymaty we garaºsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyò çölleri özleºdirmek boýunça tejribesi” atly Milli konwensiýa geçirildi, ol 2006-njy ýylyò Oguz aýynyò 16-17-sinde Aºgabat ºäherinde bolup geçdi. Konwensiýa BMGÖM, Tebigaty goramak ministrligi we GÖHDMI tarapyndan bilelikde guraldy we garaºsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyò çölleri özleºdirmek tejribesine bagyºlandy. Türkmenistanda Konwensiýany ýerine ýetirmek boýunça üçünji Milli hasabat taýýarlanyldy. Hasabat Gorkut aýynyò 29-ynda bolup geçen Milli seminarynda ara alnyp maslahatlaºyldy. Goºmaçalardan we düzediºlerden soò hasabat Bonna (Germaniýa), STMÖK-nyò Kätipligine iberildi. 2006-njy ýylyò Alp Arslan aýynda DEG-niò Geòeºi Ýer baýlyklaryny dolandyrmak boýunça “Merkezi Aziýa ýurtlarynyò baºlangyjy” (YBDMAYB/CACUJM) Maksatnamasyny makullady. Bu maksatnamanyò çäklerinde ýer baýlyklaryny durnukly dolandyrmak boýunça Milli çäklendiriji maksatnama (MÇM) iºenilip taýýarlanyldy. MÇM-de ýurduò ýer baýlyklary boýunça ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi, ºu aºakdaky ugurlar boýunça taslamalar iºenilip taýýarlanyldy: ýer baýlyklaryny dolandyrmak boýunça monitoring we maglumat ulgamy, suwarymly ýerleriò integrirlenip durnukly dolandyrylyºy, tokaý baýlyklarynyò we öri meýdanlarynyò durnukly dolandyrylyºy. MÇM-ni iºläp taýýarlamaga milli bilermenler we halkara maslahatçy gatnaºdy. MÇM-niò taýýarlyk görülýän döwründe dürli ministrlikleriò, pudaklaryò dolandyryº edaralarynyò, ylmy edaralaryò wekilleriniò, welaýatlaryò, jemgyýetçilik we halkara guramalarynyò wekilleriniò gatnaºmagynda milli seminarlaryò üçüsi geçirildi. MÇM, tassyklanylandan soò, maliýeleºdirmek üçin Dünýä Ekilogiýa Gaznasyna berler. ÝBMAÝB/CACJIM-niò çäklerinde “Ýer baýlyklaryny integrirläp we durnukly dolandyrmak üçin ýerli derejedäki çärelere mümkinçiligi we maýa goýumlaryny artdyrmak” taslamalary iºlenip taýýarlanyldy (PDF “A” tapgyry ýerine ýetirildi). Taslama garamak üçin UNDP (GEF) GTZ tabºyryldy. Merkezi Aziýa ýurtlary üçin BMG-niò ÇGK-nyò çäklerinde Sebit tabynlygyndaky öwrediji maksatnamany (STMÖK) döretmek hakynda Tebigaty goramak ministrligi bilen Global Mechanism guramasynyò arasynda Ylalaºygyò çäklerinde ÇÖHDMI-niò ýanyndaky STMÖK-nyò Kätipligi döredildi. Bitaraplyk aýynda Aºgabatda MA ýurtlarynyò wekilleriniò we halkara maslahatçynyò gatnaºmagynda birinji iºçi duºuºygy geçirildi. Häzirki wagtda biziò sebitimiziò ýurtlarynyò isleglerini we mümkinçiliklerini hasaba almak bilen öwrediji maksatnama iºlenilip taýýarlanylýar. Synag ýerleriniò üçüsinde “Türkmenistanyò üç sebitinde ýerleriò zaýalanmagyna garºy göreº” (GTZ-CCD/ ÇÖHDMI) taslamasyny ýerine ýetirmek dowam etdirilýär: Merkezi Garagum, Ahal welaýatynyò Ruhabat etrabynyò Bokurdak, Çalyº, Kekirdek ilatly nokatlary Ahal welaýatynyò Baharly etrabynyò “Ýeòiº” daýhan birleºigi; özleºdirilýän zolak, Mary welaýatynyò Sakarçäge etrabynyò “Zähmet” daýhan birleºigi. Magtymguly aýynda Aºgabatda tehniki hyzmatdaºlyk boýunça German jemgyýeti bilen bilelikde Merkezi Aziýa ýurtlarynda ýerine ýetirilýän taslamalaryò Üçünji sebit duºuºygy boldy. Ýerine ýetirilýän taslamalaryò netijeleri boýunça 1 broºýura, 9 buklet çap edildi; “Türkmenistanyò üç sebitinde ýerleriò zaýalanmagyna garºy göreº” taslamasy hakynda ºekilli film we dilde döredildi.
    3. BMG-niò klimatyò üýtgemegi baradaky çäklendiriji konwensiýasy (BMG-niò KÜÇK). Türkmenistan BMG-niò KÜÇK-nyò we Kioto protokolynyò tarapy bolmak bilen, öz borçnamalaryny doly ýerine ýetirýär we beýleki ýurtlar bilen ykjam hyzmatdaºlyk edýär. Iºçi toparynyò iºi Türkmenistanyò Tebigaty goramak ministrliginiò, BMGÖM-niò, ÝUNEP-iò, GEG-niò, KÜÇK-niò we KÜBHT-niò kätiplikleriniò ýardam bermeginde alnyp baryldy.
    2006-njy ýylda klimatyò üýtgemegi hakynda Birinji milli habaryò aralyk tapgyry boýunça hasabat 3 dilde (türkmen, iòlis, rus) çap edildi. Hasabatda ºu aºakdakylar görkezildi.
    – ykdysadyýetiò ileri tutulýan pudaklarynda PG-nyò emissiýasynyò çaklamasy we PG-nyò çyòyndylaryny peseltmek mümkinçiligine baha bermek;
    – tehnologik talaplaryò mümkinçiligine baha bermek we ony mundan beýläk-de artdyrmak boýunça teklipler;
    – klimatyò üýtgemeginiò oba we suw hojalygyna edýän täsirine baha bermek;
    – KGDU-na gatnaºmak üçin mümkinçiligi artdyrmak boýunça baha bermek we teklipler;
    – taslama teklipleriniò 30-a golaýyny iºläp taýýarlamak.
    2006-njy ýylda TASIS-iò goldamagynda “Klimatyò dünýä möçberinde üýtgemeleriniò öòüni almak boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmeginde Merkezi Aziýa ýurtlaryna tehniki taýdan ýardam etmek” taslamasyny ýerine ýetirmek tamamlandy. Onuò çäklerinde:
    – klimatyò üýtgemeginiò meselelerine dahylly kanunçylyga seljerme öwrediji hünär okuwlarynyò 4-si geçirildi.
    – AÖU taslamalaryny durmuºa geçirmek, tükellemäni gowulandyrmak boýunça maslahatlar we milli ulgamy döretmek meýilnamasy iºlenilip taýýarlanyldy;
    – Ýylylyk energetika pudagynda PG-nyò tükellemesi tamamlanyldy we hasabatlar taýýarlanyldy;
    – Maglumat kagyzçalarynyò 6-sy, 2006-njy ýlyò senenamalary we 13 minutlyk ºekilli zolik çykaryldy.
    Ýurtda ÝNEP-iò, DEG-niò KÜÇK boýunça Ikinji Milli habaryny taýýarlamak taslamasyny durmuºa geçirmek doly barýar. Hasabat döwründe onuò çäklerinde ºu aºakdaky iºler edildi:
    – PG-niò esasy derejeleri, bölümçelerini we çeºmeleri kesgitlenildi;
    – esasy bölümçelerde PG-nyò milli tükellemesini geçirmegiò metodologiýasy jikme-jik öwrenildi;
    – tükellemek üçin maglumatlaryò 60%-e golaýy ýygnaldy;
    – 2 hünär okuwy (milli baºlangyç we iºçi) geçirildi.
    Häzirki wagtda gowºak goralyºyna we uýgunlaºmaga baha bermek boýunça iºçi hünär okuwyny taýýarlyk barýar.
    Iºçi topary klimatyò üýtgemegi babatynda taslama tekliplerini iºläp taýýarlamagyò we täze halkara maýa goýumlaryny agtarmagyò üstünde hemiºe iºleýär.
    4. Howply galyndylaryò serhedüsti daºalyºyna we olaryò ýok ediliºine gözegçilik etmek baradaky Bazel konwensiýasy. 2006-njy ýylda demir ýol we awtomobil ulagynda howply galyndylaryò we howply ýükleriò serhedüsti daºalyºy boýunça döwlet gözegçiligi amala aºyrylýar. Howply ýükleri we galyndylary daºamak ýörite niýetlenen platformalarda amala aºyryldy. Mysal üçin, Türkmenistanyò demir ýoly boýunça bu iº “Ýörite ýükleri we önümleri daºamak hakynda” GDA gatnaºyjy döwletleriò baºtutanlary tarapyndan gol çekilen Ylalaºyga (1995 ý.) laýyklykda geçirildi. Netijede, 2006-njy ýylda ºeýle howply galyndylar we howply ýükler ýurdumyzyò çäginiò üstünden daºaldy. Howply galyndylaryò dolanyºygy (hasaby) boýunça käbir himiýa, ºeýle hem nebitgaz senagatynyò kärhanalarynyò (Döwletabadyò gaz kärhanasy, Balkanabadyò ýod zawody, Hazaryò himiýa zawody) welaýat müdirlikleriniò inspektorlary we jogapkär ýerine ýetirijiler bilen maslahatlar geçirildi.
    5. Jemgyýetçiligiò maglumata we adyl kazyýete elýeterliligi hakynda Orhus konwensiýasy. 2006-njy ýylda Tebigaty goramak ministrliginiò güýçleri bilen aýda “Tebigat habarlary”, “Ïðîáëåìû îñâîåíèÿ ïóñòûíü” (“Çölleri özleºdirmegiò meseleleri”) atly halkara ylmy-amaly zurnaly neºir edilýär, daºky gurºawy goramak boýunça ylmy we ylmy-populýar kitaplar, broºýuralar, bukletler, posobiýeler we gollanmalar yzygiderli çykarylýar. Giò ekologik maglumaty özünde saklaýan “Klimatyò üýtgemegi boýunça milli hasabatlar”, “Türkmenistanda daºky gurºawy goramak we tebigy baýlyklary peýdalanmak”, “Adamzat ösüºi hakynda hasabatlar” atly statistik ýygyndylar hemiºleik esasda neºir edilýär. Türkmenistanyò KHBS-de her hepdede tebigaty gorayyº edaralarynyn ýagdayý we iºi hakyndaky materiallar “Ekologiýa” rubrikasynda çap edilýär. Milli telewideniýede her hepdede tebigaty goramagyò Türkmen jemgyýetiniò gatnaºmagynda “Türkmenistanyò tebigaty” atly gepleºik berilýär. “Daºky gurºawyò meseleleri boýunça panel çekiºme” taslamasy ABS-nyò Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan ikinji ýyl goldanylýar, oòa döwlet gurluºlarynyò, täjirçilik gurluºlarynyò, jemgyýetçilik guramalarynyò, halkara guramalarynyò, KHBS-niò wekilleri, mekdepleriò we ýokary okuw mekdepleriniò mugallymlary, mekdep okuwcylary we talyplar gatnaºýarlar. Bu çäräniò merkezinde ekologiýa maglumaty meseleleri, onün KHDS-de beýan ediliºi, jemgyýetçiligiò tebigaty goramakdaky we tebigatdan peýdalanmakdaky orny durýar. Hasabat ýylynda “Ekologik aò-bilim – Günbatar Köpetdagda milli seýilgähi döretmäge ädim” diýen kiçi taslamany ýerine ýetirmek üçin Beýik Britaniýanyò Ilçihanasy tarapyndan Balkan welaýatynyò Garrygala etrabynyò Magtymguly ºäherçesiniò ýaºaýjylarynyò baºlangyç ekologiýa toparyna (5 adama) kiçi grant bölünip berildi. Bu iºi BGMÖM-niò Tebigaty goramak ministrliginiò “Türkmenistanda TG-yò dolandyryº ulgamyny gowulandyrmak” – EKONET taslasmasynyò çäklerinde amala aºyryldy. “Aral deòziniò howdanynda suw baýlyklaryny we daºky gurºawy dolandyrmak” taslamasynyò binýadynda jemgyýetçilik baºlangyç topary tarapyndan “Jemgyýetçilik pikirini döretmek” taslamasynyò bir bölegi ýerine ýetirilip, ol “Suw – bolçulygyò çeºmesi”, “Daºky tebigy gurºawy goramagyò we peýdalanmagyò hukuk meseleleri (Sowallar we jogaplar)” we baºga-da birnäçe maglumat-düºündiriº beriji makalalaryò ençemesini taýýarlady we çykardy.
    6. Ozon gatlagyny goramak we ozon gatlagyny dargadyjy maddalar boýunça Monreal protokoly boýunça Wena konwensiýasy. 2006-njy ýylda iº “Türkmenistanda Monreal protokolyny ýerine ýetirmek üçin guramaçylyk taýdan pugtalandyrmak” taslamasyny ýerine ýetirmegiò çäklerinde çäreleri ýerine ýetirmäge gönükdirildi.
    Geçen döwürde ºu aºakdaky esasy çäreler ýerine ýetirildi:
    – mekdeplerde we kollejlerde ozon gatlagyny goramagyò meselesine bagyºlanan okuw-bilim beriji film ýaýradyldy. Film Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyò ulgamynyò 6-njy maslahatyna berildi;
    – Monreal protokolyny ýerine ýetirmek boýunça Maksatnamany gaýtadan gözden geçirmek we üstünde iºlemek. Bu maksat bilen Türkmenistanyò Tebigaty goramak ministrliginiò wekilleriniò, bu resminamany iºläp taýýarlamaga çekilen maslahatçylaryò gatnaºmagynda maslahatlaryò 4-si geçirildi. Duºuºyklaryò barºynda ODM-niò öò hiç hili maglumat bermedik mümkinçilikli sarp edijileri ýüze çykaryldy;
    – Türkmenistanyò Goranmak ministrliginiò, Türkmenistanyò Demir ýol ministrliginiò wekilleri bilen gallonlary, ODM-ni peýdalanmak boýunça iºçi duºuºyklaryny geçirmek;
    – “ODM-niò importyny/eksportyny ygtyýarlylandyrmak baradaky milli kanunçylygyò talaplaryny berjaý etmek” boýunça milli bilermenler bilen iºçi duºuºyklaryny geçirmek;
    – Türkmenistanyò Tebigaty goramak ministrliginiò we ÝNEP-iò logotipi bilen gündelik çykarmak;
    – sowatmak pudagynda ODM-niò hyzmatdaºlaryny giòden ulanmak boýunça maslahat beriji duºuºyklary geçirmek.
    7. Hazar deòziniò deòiz gurºawyny goramak baradaky konwensiýa. 2006-njy ýylda Hereketleriò Baº ugur meýilnamasyny ýerine ýetirmegiò çäklerinde iº ºu aºakdaky ugurlar boýunça alnyp baryldy: biodürlüligi aýap saklamak, göçýän görnüºler we durnukly zäherli jisimler. Biodürlüligi saklamak boýunça: a) Hazar deòziniò kenarýaka we deòiz bolýan ýerine mukdar taýdan baha bermek geçirildi we biodürlüligiò hazarýaka bolýan ýerleriniò deslapky sanawy iºlenip taýýarlanyldy. 50 km giòlikde deòiz gurºawynyò we kenar zolagynyò häzirki zaman ýagdaýý barlanyldy, toprak-ösümlik örtügine, haýwanat dünýäsine, ihtiofauna we awiafauna täsir ediº faktorlary ýüze çykaryldy; kenar ulgamlarynyò, Gyzyl kitaba goºulan ösümlik we haýwanat görnüºlerini paýlamagyò, kenar ýakasynyò belli bir bölegine howp salyº derejesiniò kartalary düzüldi. Hazar düwlenini aýap saklamak, biodürlülik boýunça bilim maksatnamalaryny ornaºdyrmak boýunça taslamalara baºlandy. Göçýänleriò görnüºleri boýunça Hazar goraghanasynyò iºgärleri tarapyndan Menmiopsis leidyi ýylgyn jeòòelliginiò monitoringi dowam etdirilýär. Deòiz keseki görnüºleriniò göçmegi boýunça milli kanunçylyga syn taýýarlanyldy. Durnukly zäherleýji jisimler boýunça Hereketleriò milli meýilnamasy iºlenip taýýarlanyp, onuò maksady – durnukly organiki hapalaýjylary, nebit önümlerini we agyr metallar bilen hapalanmagy goºup, serhetüsti durnukly zäherleýji jisimleriò monitoringi STZ/SOZ boýunça iºlenip taýýarlanyldy. HEM-iò çäklerinde “Ýerasty suwlaryò meselelerini serhetüsti anyklaýyº seljeriºine (SAS) we Hazar deòzi üçin Hereketleriò baº ugur maksatnamasyna (HBM) goºmak” taslamasy assosirlenen hukuk derejesini aldy, häzir taslamany taýýarlamagyò A tapgyry ýerine ýetirilýär. Kiçi grantlaryò maksatnamasy boýunça iki taslama tamamlanýar: “Artemiýanyò howuzda köpeldiliºi”, ýerine ýetiriji “Garabogazartemiýa” we “Çekiºleriò ýaºaýjylary üçin agyz suwuny almak” taslamasy, ýerine ýetiriji “Türkmenistanyò Tebigaty goramak ministrligi”. 2006-njy ýylda MA SEM-iò we IMC kompaniýasynyò ýardam etmeginde “Hazaryò kenarýaka bileleºikleriniò durnukly ösüºi” taslamasy tamamlandy. Ýüztutmalaryò 115-si alyndy, olardan 42 taslama makullanyldy: 38-si – milli derejede we 4-si – sebit derejesinde. HBM-niò we HMHM-niò durmuºa geçiriliºine baha bermek boýunça ýerine ýetirilen çäreleriò syny edildi, ol HMHM-ni ýerine ýetirmegiò we HBM-niò käbir çäreleriniò uly göterimini görkezdi (2006-njy ýylyò Alp Arslan aýy).
    Hasabat döwründe HEM-iò çäklerinde ºu aºakdakylar taýýarlanyldy:
    – Hazar sebitiniò durmuº-ykdysady ýagdaýy we ösüºi hakynda hasabat;
    – Tähran konwensiýasyny durmuºa geçirmekde milli ösüºi we onuò ileri tutulýan protokollaryny seljermek we goldamak;
    – klimatyò üýtgemegi we Hazar basseýniniò gowºak goralyºyna baha bermek hakynda hasabat.
    2006-njy ýylyò aýagynda HEM-iò Ýolbaºçy komitetiniò duºuºygynda HEM-iò hereket edýän Baºlygynyò wezipeleri Türkmenistanyò Milli utgaºdyryjysyna berildi. Seýle hem 2006-njy ýylyò möhüm wakasyny bellemek gerek – HEM-iò çäklerinde iºlenip taýýarlanan “Hazar deòziniò Hazar goraghanasynda dünýä ähmiýetli biologik dürlüligi aýap saklamak we durnukly peýdalanmak” taslamasy goýberildi. Taslama öz bellän maksatlaryny we wezipelerini ýerine ýetirmäge doly giriºdi.
    Garaºsyzlygynyò 15 ýylynyò içinde Türkmenistanda daºky gurºaw çygryndaky halkara integrasiýa we özara bähbitli hyzmatdaºlyk ileri tutulýan ugurlaryò biridir we biri bolmagynda galýar, onuò esasy maksady ýurduò ilkinji nobatdaky ekologiýa meselelerini çözmäge ýardam etmekden, ºeýle hem sebit we ýerli derejelerde döwlet tebigaty gorayyº edaralarynyn ulgamyny ösdürmekden we pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Biziò döwletimiziò tebigaty goramak pudagyndaky ugry halkara hyzmatdaºlygyny mundan beýläk-de meýilnama laýyk giòeltmäge tarap meýlini saklap galýar. Sunuò bilen baglanyºykly Türkmenistan daºky gurºawy goramak babatda täze konwensiýalaryò birnäçesine hem dünýä ekologik meseleleri çözmek maksady bilen, ýurtlaryò tagallalaryny jemlemäge mümkinçilik berýän halkara hukuk gurallaryna goºulmak mümkinçiligine garamagyny dowam etdirýär. Ýaòy-ýakynda, 2006-njy ýylyò Sanjar aýynyò 22-sinde Merkezi Aziýany durnukly ösdürmek üçin daºky gurºawy goramak baradaky Aºgabat çäklendiriji konwensiýasyna gol çekmek üçin açylmagy aýdyò mysal bolup hyzmat edýär. Tebigaty goramak konwensiýalary boýunça borçnamalary ýerine ýetirmäge Garaºsyz, Bitarap Türkmenistanyò iºjeò gatnaºmagy, munuò özi onuò ekologiýa howpsuzlygynyò: türkmen jemgyýetiniò ösüºiniò daºky gurºaw bilen sazlaºygynyò; onuò ilatynyò ýaºaýan ýeriniò amatly gurºawyny döretmegiò girewidir. Munuò özi Türkmenistanyò, sebitiò, saýýaranyò ekologik abadançylygydyr, birsydyrgyn, durnukly ösüºidir; halkara hyzmatdaºluygyna goºantdyr.


Gözleg








 
    Copyright © 2007 Türkmenistanyò Tebigaty goramak ministrligi. Ähli hukuklary goralandyr.